Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi — ata Watanymyzyň depginli ösüşiniň möhüm şerti
Jemgyýet
Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi — ata Watanymyzyň depginli ösüşiniň möhüm şerti
Çap edildi 28.07.2022
2687

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli kanunçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny, ykdysadyýetini pugtalandyrmakda yzygiderli çäreleri amala aşyrmaga ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerine hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça 2022-nji ýylda bilelikdе ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda, täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, ozal hereket edýänleri kämilleşdirilýär.

Şunda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk binýadynyň döredilendigini, Konstitusiýanyň hem-de Saýlaw kodeksiniň täze kadalaryna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek ýerlikli bolar. Bu taryhy waka ýurdumyzyň wekilçilikli hem-de kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşi ugrunda ädilen täze ädim bolup, olaryň işiniň hil taýdan täze derejelere çykarylmagyna, kabul edilýän kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hiliniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary hem-de deputatlar demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly möhüm işleri alyp barýarlar. Bulardan başga-da, olar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek maksady bilen, halkara hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli ministrlikler, BMG-niň düzümleýin edaralary, beýleki abraýly guramalar bilen bilelikde guralan birnäçe iri halkara forumlara, okuw hem-de iş maslahatlaryna gatnaşdylar.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan kanunlar, ilki bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda Mejlisde döredilen iş toparlarynda öwrenilýär, soňra bolsa parlamentarileriň nobatdaky mejlislerinde garalýar.

Geçen ýylyň maý aýynda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň hem-de ygtyýarlylandyrmagyň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak çäreleri bar.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň ählumumy ykdysady giňişlige işjeň goşulyşmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň maýa goýum işjeňligini goldamaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek, hereket edýänlerini kämilleşdirmek parlamentarileriň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny, ony amala aşyrmagyň usullaryny kesgitleýän, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň taslamasyny taýýarlamak we amala aşyrmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze Kanun möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we beýleki serişdeleri birleşdirmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, düzümiň desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary, meýilnamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak üçin býujetden daşary çeşmeleriň serişdelerini çekmekde hukuk şertlerini döretmek bu resminamanyň maksatlarynyň biridir.

Umuman, döwletiň we hususyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hususy telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkara ölçeglere kybap gelýän önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagyna ýardam etmelidir.

“Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdiler. Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watana bolan söýgini artdyrmak şol syýasatyň baş maksadydyr.

Häzir ýurdumyzda kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşyklary dowam edýär. 12 ýyllyk orta bilime geçilmegi, ylmyň we okuwyň innowasion usullarynyň bilim bermek işine ornaşdyrylmagy abraýly halkara olimpiadalaryň ýeňijileriniň sanyny artdyrmaga, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berdi. Munuň şeýle bolmagyna esasy dersler bilen bir hatarda, sapaklaryň sanawyna ykdysadyýetiň esaslary, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa hem-de innowasion tehnologiýalar, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä edebiýaty ýaly dersleriň goşulmagy hem amatly şertleri döretdi. Şunuň bilen baglylykda, “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti bellenildi. Ol bu möhüm ugurda gatnaşyklaryň hukuk esasyny hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Bilim almaga bolan hukuk adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biridir. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň binýady hasaplanýan bilimiň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugruny düzýär. Biziň ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek ulgamy milli hem-de umumadamzat ruhy-ahlak, medeni, durmuş gymmatlyklaryna, şeýle-de türkmen jemgyýetinde kabul edilen, adamyň, jemgyýetiň, döwletiň bähbidine özüňi alyp barmagyň düzgünlerine we kadalaryna esaslanandyr.

Soňra parlamentarileriň garamagyna “Firma atlary hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir sebitleri batly depginler bilen senagatlaşdyrmak, oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, şeýle hem intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramak boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Dürli guramaçylyk-hukuk görnüşleri bolan täze kärhanalaryň, şol sanda hususy firmalaryň we kompaniýalaryň sany artýar. Umuman, bularyň hemmesi täze kanunçylyk namasynyň derwaýyslygyny şertlendirýär. Ol Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik taraplaryna firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen maslahatda deputatlar “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda”, “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. Bellenilişi ýaly, bu hukuk namalarynyň esasy wezipeleri raýatlaryň we döwletiň hukuklaryny, bähbitlerini goramakdan, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ýardam bermekden hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlaryny, usullaryny we tertibini kesgitleýär. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

“Poçta aragatnaşygy hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, resminamanyň bu ulgamyň işiniň hukuk esasyny tassyklaýandygy, şeýle-de operatorlaryň, poçta aragatnaşygy hyzmatyndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýändigi nygtaldy.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda, “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, bu resminama daşary ýurt raýatlarynyň, ýurdumyzdaky raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, olaryň Türkmenistanda bolmagy, zähmet çekmegi, telekeçilik we beýleki görnüşli işleri alyp barmagy bilen baglanyşykly emele gelýän ýagdaýy kadalaşdyrýar.

2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde kabul edilen “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşe goşulmagyň ähmiýetini, adamzadyň geljekki durmuşynda ekologik durnuklylygy tassyklaýan bu resminama goşulýandygy kanunçylyk taýdan tassyklanylýar.

Şu ýylyň maý aýynyň başynda “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar onuň kabul edilmeginiň ata Watanymyzyň täsin tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini aýawly saklamaga ýardam edýändigini bellediler. Bu Kanun halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem gönükdirilendir.

Şu ýylyň iýul aýynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garadylar.

«Elektron hökümet hakynda» Kanun ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň taslamasynyň elektron hökümetiň işiniň tertibini kadalaşdyrýandygy hem-de onuň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy nygtaldy. Çykyş edenler döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.

Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň açyklygyny ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär diýip, parlamentariler nygtadylar.

«Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolup durýan türkmen alabaýlarynyň genofonduny aýawly saklap galmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi.

Deputatlar tarapyndan strategik maksatnamalary we oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy halk hojalyk toplumynyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz içeri syýasatymyzyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň goldanylýandygyny, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň barha artdyrylýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6 göterim möçberde saklanýar.

Önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen ýarym ýylda 30 sany iri desga, meýdany 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda umumy bahasy 900 million manada golaý, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde guruldy.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle-de beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek babatda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýlelikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, olaryň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow