Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkymyzyň abadançylygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr
Hepdäniň wakalary
Halkymyzyň abadançylygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr
Çap edildi 02.08.2022
1368

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda içeri syýasatynyň strategik maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün edýän özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamalaryna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnalan bugdaý hasylynyň talabalaýyk saklanylmagynyň hem-de gaýtadan işlenilmeginiň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, gallany ammarlara daşamak we ýerleşdirmek, şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işlerini öz wagtynda geçirmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şeýle-de gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň, suw howdanlaryny, akabalary arassa saklamagyň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamak, kärendeçi daýhanlary ýokary hilli tohumlar, dökün bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň milli daýhançylyk däpleri we häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunda önümçilige oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bulardan başga-da, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnamak hem-de olaryň sarp edijilere ýetirilmegini üpjün etmek zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Hazaryň kenarynda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş düzümine degişli işleriň, şol sanda hyzmatlar ulgamynyň döwrebap derejede ýola goýulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde dowam edýän gurluşyk işleri berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar beýan edildi. Döwletimiz tarapyndan berilýän giň möçberli goldawyň netijesinde zähmetsöýer gallaçylar Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiz edermen daýhanlary bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylynyň iň soňky dänesine çenli zaýa edilmän ýygnaljakdygyna ynam bildirdi.

28-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hem hoş habar gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 19 döwlet onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlarymyzy ýurdumyzyň täze daşary syýasy ýeňşi bilen gutlap, bu möhüm resminamanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetde alnyp barylýandygynyň nyşanydygyny aýtdy.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler beýan edildi.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Şu güne çenli 25 döwletiň we halkara guramalaryň 16-synyň wekilleriniň bu foruma gatnaşjakdyklary baradaky tassyklaýyş hatlary gelip gowuşdy.

Abraýly ugurdaş düzümleriň işine bolan gatnaşygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň BMG-niň hem-de YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Oba hojalyk ösüşi boýunça halkara gurama agza bolmagy hem-de Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasynda synçy derejesini almak teklip edilýär. Şeýle-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn Çarçuwaly maksatnama esasynda alnyp barylýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça teklip beýan edildi. Hususan-da, munuň özi bu guramanyň hünärmenleriniň goldaw bermeginde tehniki hyzmatdaşlygyň oba hojalygyny sanlylaşdyrmaga gönükdirilen taslamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlykda häzirki zamanyň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm we jogapkärli orun eýeleýändigini belledi. Şolaryň hatarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem bar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wajyp şertidir.

Şeýle-de mejlisde döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kämilleşdirmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Nebitgaz toplumynda nebitiň we tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak, ýakyn ýyllarda milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebitiň gaýtadan işlenilýändigi, ýokary hilli önümleriň çykarylýandygy hem-de daşary ýurt sarp edijilerine EURO-5, EURO-6 ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýän A-98 kysymly awtoulag benzininiň ilkinji möçberleriniň ýerlenilişi barada hasabat berildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen geleşiklerde bu nebit önümi BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.

Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny nygtap, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň Düzgünnamasyny kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Şolaryň hatarynda maglumat hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bahalaryň elektron maglumatlar binýadyny döretmek, bahalaryň binýady esasynda daşarky we içerki söwda şertnamalaryny seljermek, birža amallaryna gatnaşýan taraplary okatmak, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ygtyýarlyklary we borçlary kesgitlemek, maddy däl gymmatlyklary bellige almaga degişli bolmadyk şertnamalaryň sanawyna goşmak bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynda möhüm ulgam, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän kuwwatly maglumat-seljeriş edarasydygyny belläp, bu ugurda geçirilýän işleri seljermek, birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Düzgünnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama daşky gurşawy arassa saklamak we ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, polimer we plastik serişdeleriň dolanyşygyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemegi, onuň adamyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagy bilen bagly howplara garşy göreş çärelerini güýçlendirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinden, “Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan hem-de halkara saglygy goraýyş-arassaçylyk düzgünlerinden ugur alnyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen öňüni alyş we beýleki degişli çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek hem-de BSGG-niň “Bitewi saglyk” maksatnamasyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ugurdaş düzüm yzygiderli kämilleşdirilýär, lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalar we usullar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary, dünýäniň iň gowy tejribesi işjeň ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny nazara almak bilen, bu ugurdaky toplumlaýyn işi dowam etdirmegiň, dürli keselleriň öňüni almak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, azyk we beýleki sarp ediş önümleriniň, agyz suwunyň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçiligi üpjün etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklibe garap, bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä tejribesini içgin öwrenmegi hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin kuwwaty artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny gurmak hem-de Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy pudagara topary döretmek hakynda Kararlar bar. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda”, “Meýilnamadan artyk öndürilen 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny döwlete tabşyrmak hakynda” Kararlara gol çekdi hem-de Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak we saglygyny berkitmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, 1-nji awgustda Awazada dynç alýanlar üçin nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Ýüpek Ýoly — 2022» atly halkara ralli ýaryşynda we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiji bolan türgenlerimize ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçiriler.

5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy bolar.

8-nji awgustda Demirgazyk — Günorta ulag ýolunyň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze uly köpriniň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.

15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek meseleleri girizildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýermek bilen, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady. Şu ýörelgelere esaslanyp kabul edilen Harby doktrina hem diňe goranyş häsiýetine eýedir, oňa laýyklykda, geljekde-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi yzygiderli kämilleşdiriler. Ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Geçen hepdede Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de geljekki döwür üçin işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungatyny, atlary bezemegiň hem-de ýüpek önümçiliginiň däplerini we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerine garalýar hem-de degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly ugur boýunça pikir alyşmalar dowam edýär. Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça gazanylan netijeler we bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda-da maglumatlar diňlenildi.

Türkmenistanyň milli topary tarapyndan Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek boýunça milli derejedäki maglumatlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny açmak hem-de umumybilim berýän mekdepleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär.

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO-nyň täze klubunyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle birleşmäni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem döretmek meýilleşdirilýär.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen sport we bedenterbiýe ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Mejlisde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin bölümlerindäki ornuny pugtalandyrmak, onuň degişli Konwensiýasyna goşulmak, Ýewropa sebitinde ýokary bilim bilen baglanyşykly hünär derejelerini ykrar etmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalar we maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bagly möhüm ugurlara hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugran we dünýäniň ähli künjeklerinden mukaddes Käbä sežde etmäge baran zyýaratçylaryň köp sanlysynyň hataryna goşulan ildeşlerimiziň 275-si haj parzyny berjaý edip, sag-aman Watanymyza dolandylar.

Türkmen zyýaratçylary haj wagtynda sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan asylly işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly öňe barýan, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky ähli wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow