Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris
Çap edildi 02.10.2022
2514

Geçen hepde umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda geçen Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar üstünlikleriň we zähmet ýeňişleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni, durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de hoşniýetlilik taglymlaryna ygrarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna, şeýle-de Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine gelip gowuşýan döwrebap harby tehnikalaryň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň gury ýerde, deňizde we howada goranyş ukybynyň hem-de döwrüň wehimlerine garşy taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Ajaýyp ahalteke bedewleri dabaranyň hakyky bezegine öwrüldi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleri tarapyndan türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Dowamat atly bedew sowgat berildi.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna öz zähmet ýeňişlerini bagyşladylar. Dabaraly ýörişe ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekiliýetleri, dürli pudaklaryň we edaralaryň wekilleri, türgenler, medeniýet işgärleri, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. Şeýle-de şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere gadyr goýýan ussat çapyksuwar bolmak bilen, asylly maşgala däplerini dowam etdirip, milli seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine, atçylyk sportunyň höweslendirilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine uly üns berýär. Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde halk döredijiliginde gözelligiň, wepalylygyň, dostlugyň, asyllylygyň, edermenligiň, Watana söýginiň nyşany bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Ahalteke bedewleri 7 çapyşykda dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny görkezdiler. 2200 metr aralyga ýedinji, jemleýji çapyşykda baş baýrak — Türkmenistan Prezidentiniň baýragy ugrunda bäsleşildi. 2 minut 31,3 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at görkezdi. Çapyşygyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna döwlet Baştutanlaryndan, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan hem-de jemgyýetçilik işgärlerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik beren ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ata Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam edýändigi bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar bilen geçiren duşuşyklary Türkmenistanyň açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek, dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky netijeli döwletara dialogyň çäklerinde ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara, işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň häzirki zaman tehnologiýaly önümçiliklerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi we gämi gurluşygy, maýa goýumlar, sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Öz nobatynda, Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, şol sanda Çelýabinsk oblasty bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, hususan-da, Türkmenistanda metallurgiýa we maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek, gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, özara dolanyşykda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek ulgamynda taraplaryň maksatlary umumydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebit we gaz çykarýan senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy.

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda işewür hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady hem-de bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Piter Kallos köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents bilen duşuşygynyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekiş we hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýändigi bellenildi.

30-njy sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna dürli maksatly plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak barada, şeýle-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak barada halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolan kompaniýa bilen şertnama baglaşmak hakynda teklip hödürlenildi. Şeýle-de «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyklar barada habar berildi.

Türkmenistanyň Aýlag döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Şol ýerde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşyga gatnaşdy. Türkmen tarapy energetika, ulag, logistika, maýa goýumlar we söwda ulgamlaryny özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Mundan başga-da, Er-Riýadda Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dürli ulgamlarda bar bolan kuwwaty, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň 12 — 16-njy sentýabrda Birleşen Arap Emirliklerine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. BAE-niň ugurdaş düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meselelere garaldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Abu Dhabi Ports Company PJSC” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara hem-de sebitara düzümleriň ugry boýunça, şol sanda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda” Karara hem-de ýurdumyzyň ýuridik şahslaryna gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, parlamentiň wekilleri, ýurduň birnäçe öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşdy.

Hormatly Arkadagymyzyň iş sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berer.

Baýramçylyk dabaralaryna beslenen geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow