Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
Jemgyýet
Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
Çap edildi 02.06.2023
2357

Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Däp bolşy ýaly, bu ýerde her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çagalar toparlarynyň şowhunly aýdymlary, tanslary, şadyýan sahna oýunlary körpeler üçin döredijilik sowgady boldy.

Paýtagtymyzdan we welaýatlardan gelen mekdep okuwçylary baýramçylyk görnüşinde bezelen awtobuslarda tomusky başdan geçirmelerine tarap ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň okuw ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda aladalar edilýär. Şu ýyl hem iýun aýynyň başlanmagy bilen, belent daglaryň jülgesinde ýerleşýän Gökderede, dünýä meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem sebitlerimizdäki döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Gökderede, welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň birinji tapgyry baýramçylyk nygmatlary we şowhunly çäreler bilen mähirli garşylanyldy. Türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň gahrymanlarynyň lybaslaryny geýnen mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy.

Soňra çagalary doly derejede dynç almak üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleriniň binalaryna ýerleşdirdiler. Ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi ugrunda döwrebap çagalar sagaldyş merkezleri ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir. Olarda oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary, kitaphanalar bar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, dynç alyş merkezlerinde her tomusky möwsümde dürli ýaşly çagalara niýetlenen köp sanly bäsleşikler, sungat ýoluna ýaňy gadam basan artistleriň we çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet hem-de halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda köp sanly sahnalar we edebi okaýyş boýunça bäsleşikler guralýar. Mundan başga-da, mekdep okuwçylary üçin gyzyklanýan ugurlary, kompýuter programmalaryny, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça gurnaklar göz öňünde tutulypdyr. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hünär ukybyny ele almak we tejribe toplamak, terbiýeçilere kömek bermek üçin Gökderä gelerler.

Teatr, sirk, belli aýdym-saz toparlary hem ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga taýýarlyk görýärler. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamalarynda paýtagtymyzyň, welaýatlarymyzyň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçjek her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar. Sebäbi bu ýerde wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. “Açyk gapylar” günlerinde çagalar taýýarlan çykyşlary arkaly özleriniň üstünliklerini ene-atalaryna, ýakynlaryna we dostlaryna görkezip bilerler.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow