Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaşlar — Watanyň daýanjy
Jemgyýet
Ýaşlar — Watanyň daýanjy
Çap edildi 16.11.2026
5

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere, bedew batly ösüşlere hem-de ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan sergini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülen gymmatly eserlerine möhüm orun berildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýelemek işine mynasyp goşant goşup gelýär. Gurama ýurdumyzyň ýaşlaryny bir ýere jemläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy öňdebaryjy ýaşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Ol bedew badynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyza ýaşlaryň belent buýsanjynyň beýany boldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. “Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlarymyzyň mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Biz watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinýän ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşýandyklaryna buýsanýarys” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, bilimde, ylymda, döredijilikde, sportda we zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmek maksady bilen, her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu baýrak ýaşlary öndürijilikli zähmete, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň taryhynda möhüm wakadygyny nygtap, bu senäniň ýaş nesillerimizi täze üstünliklere, döwletli başlangyçlara hem-de belent maksatlara galkyndyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen okuw sapagyndaky ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan çykyşy watansöýüjiligiň uly mekdebine öwrüldi. Milli Liderimiz çykyşynda: “Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy baradaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmeginiň asyl manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr... Siziň her biriňiziň baş şygaryňyz kämillik bolmalydyr. Ynsan hemişe kämillige ymtylmalydyr. Türkmen ýigidi we gyzy özünde milletimiziň iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlaryny jemlemelidirler. Arassa ahlak ynsanyň kämilligi bilen ýüze çykýar. Ynsan kalbynda dostluk, doganlyk, ynsanperwerlik duýgularyny oýarýan halkymyzyň milli ahlak kadalaryna her birimiz guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyrys” diýip belledi.

Soňra zähmetde, döredijilikde, ylym-bilimde aýratyn tapawutlanan ýaşlar gezekli-gezegine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny kabul etdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy bu baýraga hödürlenildi. Şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň agramly bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlar düzýär. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýarlar. Garaşsyzlyk ýyllaryndaky düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda: “Siz — Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt baglaýar” diýip nygtamagy ähli ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Diýarymyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklaryna, saýlap alan kärine eýe bolmaklaryna, ylmy işleri alyp barmaklaryna, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Degişli ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady, kabul edilen maksatnamalar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde beýanyny tapýar. Türkmen ýaşlary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, dünýäde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, halkara hyzmatdaşlyga giňden çekilýär.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň we olaryň dürli döwletlerdäki deň-duşlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halkara giňişlikde ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär. Ýurdumyz BMG-niň bilimiň bütin dünýäde ösdürilmegine, ýaşlar bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.

...Abraýly sylaga mynasyp bolan bagtyýar ýaşlar bilim almaga, zähmet çekmäge, döredijilik, ylmy iş bilen meşgullanmaga döredýän şertleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, halkymyzyň her bir gününi şöhratly üstünliklere beslemekde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly kitaby hem ýaşlarymyz üçin ýolgörkeziji şamçyraga öwrüler.

Dabaranyň çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmekleri, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim-terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, döwrebap sanly tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ylym, önümçilik bilen utgaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda kämil usuly döretmek esasy maksat hökmünde kesgitlenildi. Bilim edaralarynda, iş we durmuş şertlerinde sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy döwrebap pikirlenýän, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýan jemgyýeti kemala getirmäge ýardam berýär.

Bagtyýar ýaşlarymyz bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryndan ugur alyp, ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýärler, düýpli nazary we amaly barlaglary geçirýärler, sanly ulgamyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşup, innowasion senagat nusgalaryny işläp taýýarlaýarlar. Döredilýän döwrebap mümkinçiliklere jogap hökmünde ýurdumyzyň ýaşlary halkara ders, ylmy bäsleşiklerde, internet olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň öňünde geçen umumy okuw sapagyndaky: “Watanyny diňe söz bilen däl, halal zähmeti, yhlas-başarnygy bilen söýýän, beýik şahsyýetlere hormat goýýan ýaşlar hakyky watançy nesillerdir. Oguz han, Adybeg soltan, Jygaly beg, Görogly, Jelaletdin Menguberdi ýaly ýurt azatlygy, Watan goragy ugrundaky agyr söweşlerde mertlik görkezen milli gahrymanlar bu günki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň belent mekdebidir. Türkmen ýaşlary ata-babalarymyzyň yhlasy siňen türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň mukaddesdigini hiç wagt unutmaly däldirler! Türkmen ýaşlary öz pederleriniň Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar bolandyklaryny hiç wagt unutmaly däldirler! Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan watansöýüjiligi, gahrymançylygy we edermenligi bu günki türkmen ýaşlaryny bezeýän iň asylly, iň arzyly milli häsiýetler bolmalydyr. Goý, siziň batyr, edermen, gaýduwsyz häsiýetleriňiz watansöýüjiligiň ajaýyp tugy bolup dünýäde belentden parlasyn!” diýen sözleri bu gün ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda sena bolup ýaňlanýar.

Dabaranyň ahyrynda Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
16.11
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
16.11
Ýaşlar — Watanyň daýanjy
16.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 428 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow