Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý ederler
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý ederler
Çap edildi 07.06.2023
2321

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Hajy Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz ýokary depginlerde ösýär, özgerýär, halkymyz asuda, parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyza, özboluşly däp-dessurlarymyza we dini ynanç-ygtykatlarymyza uly sarpa goýulýar hem-de olary berjaý etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan hemaýat we ýardam bermegi bilen ildeşlerimiz her ýylda mukaddes Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin zyýarata iberilýär.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzyň «Imanym ýoldaş bolsa, barsam Käbäni görsem» diýip belleýişi ýaly, her bir musulmanyň arzuw edýän amallarynyň biri hem Allatagalanyň ýer ýüzündäki öýi hasaplanýan mukaddes Käbä zyýarat etmekdir.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär. Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. 2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Şeýle hem, şu ýyl haj zyýaratyna gitjek ähli ildeşlerimizi ilkinji gezek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýörite gatnaw arkaly Saud Arabystany Patyşalygyna eltilip-getirilmegi üpjün edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen baş şygarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ildeşlerimiziň mukaddes ýerlerde amal etjek tagat-ybadatlaryny, okajak doga-dileglerini Gudraty Güýçli Allatagala kabul etsin!

Bize şeýle eşretli zamanada ýaşamak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Hajy Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, il-ýurt bäbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow