Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Çap edildi 04.07.2023
1556

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede giň gerimli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär, halkara guramalar bilen netijeli dialogy pugtalandyrýar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy ŞHG-ä agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasy işi giň geografik hem-de düzümleýin esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda ŞHG-ä agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XX ýubileý mejlisine, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek. Şol duşuşyklarda ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagyna hem-de ozal hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar öňe sürüldi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu günki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk edýär. Geňeşiň mejlisi başlanmazdan ozal, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekledi.

Şu gezekki sammit “Howpsuz ŞHG ýolunda” (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçýär. Iňlisçe “SECURE” diýen gysgaldylan adalgany ŞHG-niň 2018-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Narendra Modi teklip edipdi. Şunda S harpy raýatlaryň howpsuzlygyny (security for citizens), E ykdysady ösüşi (economic development), C sebit gatnaşyklaryny (connectivity in the region), U agzybirligi (unity), R döwlet Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagy (respect of sovereignty and integrity), E harpy bolsa daşky gurşawy goramak (environment protection) diýmegi aňladýar.

Duşuşyga ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlary gatnaşdylar. Sammite synçy döwletleriň Liderleri hökmünde Eýranyň, Belarusuň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem mejlise bu guramanyň hemişelik hereket edýän iki edarasynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar. Hindistanyň Hökümetiniň Başlygy ýygnananlary mähirli mübärekläp, sammite gatnaşyjylara söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşýan döwletleriň Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna ýüzlenip, Premýer-ministr Narendra Modä şu möhüm mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygy kabul etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, dostlukly ýurduň ŞHG-de başlyklyk etjek döwründe ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisini Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-ä agzalyga kabul edilmegi, Prezident Aleksandr Lukaşenkony bolsa Belarus Respublikasynyň gurama doly hukukly agza döwletiň derejesini almagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlap, olara täze görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistana, onuň alyp barýan netijeli daşary syýasatyna bildirilýän uly hormatyň nyşanydyr. Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine düşünişmegiň hem-de olary durmuşa geçirmäge taýýarlygyň subutnamasydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr.

Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy. Şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy.

Şeýle işiň uly geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişde, önümçilik binýady, aýratyn-da, soňky ýyllarda ulag-logistika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Ol özara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy we başga-da birnäçe mümkinçilikler bilen şertlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Nygtalyşy ýaly, diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.

Birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak; ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek; üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmekdir. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi. Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi.

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer diýip hasap edýärin. Şeýle-de ol medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip pikir edýärin.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýäris. Şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklarymyza esaslanýar. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär diýip belledi. Munuň özi ýurdumyz bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Hindistanyň Premýer-ministri çuň many-mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, ŞHG-niň çäklerinde giň ugurlar boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar guramanyň ýurtlarynyň arasynda döwlet özygtyýarlylygyna, milli gymmatlyklara hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti baradaky pikiri biragyzdan beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi.

Umuman, ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary sebit we sebitara derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhy taýdan emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir.

Soňky habarlar
25.06
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Surinam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
24.06
Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär
24.06
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün
23.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
23.06
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär
22.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
top-arrow