Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri çözülýär
Ykdysadyýet
Azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri çözülýär
Çap edildi 14.12.2016
1928

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde gök önümleriň bir wagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Bu täze desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin welaýatyň azyk senagaty düzümini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy. Bäş gektara golaý meýdany tutýan täze desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ammarda kompýuterleşdirilen sowadyş ulgamy sowadyjy kameralarda goýlan gök önümleriň hem-de ir-iýmişleriň görnüşine baglylykda, sowuklygyň hem-de howanyň çyglylygynyň iň amatly derejesiniň saklanmagyna takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Sogan hem-de ýeralma saklamak üçin niýetlenen ammarlar ýelejiretmegiň aýratyn awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi önümiň hilini we harytlyk keşbini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berer. Desganyň esasy bölegi 23 sany sowadyjy kameradan ybaratdyr. Binada önümi aýratynlykda saýpallamak hem-de gaplamak üçin üç sany awtomatlaşdyrylan ulgam gurlupdyr. Ammarlaryň hemmesi gök önümleri hem-de miweleri saklamak üçin tekjeler we ýörite gaplar bilen üpjün edilipdir. Olary ýüklemek we sarp edijilere äkitmek üçin ýük ýükleýjiler hem-de dürli ýük göterijilik kuwwatyna eýe bolan awtoulaglary bar. Şeýle hem topluma zerur bolan döwrebap tehniki esbaplar bilen üpjün edilen barlaghanaly dolandyryş edara binasy, ýük awtoulaglary üçin duralga, elektrik bekedi, gözegçilik-geçiriji bölüm, suw üçin ätiýaçlyk çelekleri hem-de awtomatlaşdyrylan tereziler girýär. Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de hormatly ýaşulular we ýaşlar, çeper höwesjeňler toparlary gatnaşdylar. Tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar we myhmanlar sebitde öndürilýän oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen hem tanyşdylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow