Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen
Ykdysadyýet
Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen
Çap edildi 14.12.2016
2122

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de söwda-ykdysady, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berdi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de däbe öwrülen ugurlarda täze mümkinçilikleri açmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, bilelikdäki taslamalary, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işlerini işjeňleşdirmek üçin geljekki hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Türkmen we amerikan işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmanyň uludygy bellenildi. Bu hyzmatdaşylk ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga bolan islegini nazara almak bilen uly mümkinçiliklere eýedir.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow