Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär
Jemgyýet
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär
Çap edildi 01.09.2023
3915

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenilýär. Ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň ählisinde täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanandygyny aňladýan ilkinji jaň ýaňlandy. Däp bolşy ýaly, okuwçylar we talyplar üçin ilkinji okuw güni Garaşsyzlyk binasyna we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy.

Bilim edaralarynyň ählisinde şu okuw ýylynynyň ilkinji sapagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirildi.

Birinji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Aýdyň Gijeler»HJ-niň hünärmenleriniň işläp taýýarlan kompýuterleri gowşuryldy.

Türkmenistanda her ýyl okuw edaralarynyň onlarçasy gurulýar we ulanylmaga berilýär. Bu gün hem Diýarymyzyň sebitleriniň we etraplarynyň köpüsinde täze binalaryň açylyşy boldy, olaryň açylyşyna ýerine ýetiriji häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýerli ilat gatnaşdylar.

Türkmenistanda ýaş nesil, oňa milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde jemgyýetiň we döwletiň mundan beýläkki ösüşiniň esasy bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar dowam edýär.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow