Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ýagty geljegiň bähbidine gurmak we döretmek
Hepdäniň wakalary
Ýagty geljegiň bähbidine gurmak we döretmek
Çap edildi 03.09.2023
1565

Geçen hepde hem ýurdumyzyň depginli ösüşiniň täze, belent sepgitlerini şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy. Ol bilim ulgamyndaky giň gerimli binagärlik-gurluşyk desgalarynyň tutuş ýurdumyzy gurşap alan açylyş we düýbüni tutuş dabaralaryny öz içine aldy. Bu wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň beýany boldy.

Ýetip gelýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy bilen şöhlelenýän 1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni aýratyn ýatda galyjy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 5 müň talybyň bilim almagyna şert döretjek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Şol gün ýene-de iki sany ýokary okuw mekdebiniň — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň talyba niýetlenen täze binalar toplumynyň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2 müň talyba niýetlenen täze goşmaça binalar toplumynyň düýbi tutuldy.

Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Baýramçylyk dabaralary täze, deňsiz-taýsyz Arkadag şäherinde dowam etdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyşyna gatnaşdy.

Täze ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda halkara derejeli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasy bar.

Täze ýokary okuw mekdebi şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa» atly şahadatnamasyna mynasyp boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalarynyň astynda, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi bilen bagly degişli mekdepleriň müdirlerine şahadatnamalar gowşuryldy.

Şol gün ýokary okuw mekdebiniň ýanynda döredilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň açylyşy boldy. Bu ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ýurdumyzyň BMG-niň iri düzümi bilen özara gatnaşyklarynyň logiki dowamy bolup hyzmat eder.

Atçylyk we atly sport pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina we Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen geçiren duşuşyklarynyň esasy mazmunyny düzendigini bellemelidiris.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar täze Arkadag şäheriniň rahat ýaşamak, dynç almak we ekologiýa abadançylygy boýunça halkara ülňülere laýyk gelýändigini nygtap, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň ulanmaga berilmegi-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk baýramyna ýatdan çykmajak sowgat boldy.

Mundan başga-da, bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy, 3 sany mekdep we 9 sany çagalar bagy myhmanlara gapylaryny giňden açdylar.

Baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda dowam etdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy.

Şu ýyl özüniň 15 ýyllygyny belleýän akademiýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «DUISBURG ESSEN» uniwersitetiniň «Iň gowy binagärlik» şahadatnamasy, şol ýurduň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasy bilen sylaglanyldy.

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň ýaňlandy. Asylly däbe görä, şol gün Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary bilen başlandy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimler hem-de uly açyşlar dünýäsine ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belledi.

Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan 153 müň 353 sany birinji synp okuwçylary ýadygärlik sowgatlary — ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterlerini aldylar.

Watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenen ilkinji sapak Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna, döwletimiziň ýeten ähli üstünlikleridir sepgitleri bilen aýrylmaz baglanyşykly ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň, mekdep okuwçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda umumy sapak geçdi.

Pedagog, professor, akademik Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklaryna, özboluşly däp-dessurlaryna, ýaşlaryň öňünde durýan wezipelere bagyşlandy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işlere, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýaşlaryň goşýan goşandynyň wajypdygyna uly ünsi çekdi.

Ýaşlara birnäçe nesihatlary beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Şol maksatlara diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, beden we ruhy taýdan kämillik, üstünliklere bolan ynam bilen ýetip bolar.

Merdana pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine eýerip, siz maşgalaňyza, tutuş ulus-ilimize watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezmelisiňiz diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi, pagta ýygymy möwsümine ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini berk gözegçilikde saklamagy oba hojalykçylaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Güýzlük ýeralma ekişi, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bagly meseleler üns merkezinde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem, gurluşyk işlerini, aýratyn-da, şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleri berk gözegçilikde saklamagy häkimlere tabşyrdy.

31-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Onuň gün tertibine amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek, standartlaşdyrmak we ygtyýarlandyrmak ulgamynyň işini kämilleşdirmek, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri girizildi.

Içerki sarp edijileri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen bökdençsiz, ygtybarly üpjün etmek, himiýa önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, milli flotuň hem-de milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty diňläp, ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda «ak altyn» ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Mejlisde şeýle hem, Türkmenistanyň «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak çäreler, şol sanda dabaraly ýörişiň, 1 — 30-njy sentýabr aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň däp bolan biraýlygynyň geçirilmegi bilen bagly hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna howanyň üýtgemegi ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde klimat tehnologiýalary boýunça merkezi açmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) arasynda ýurdumyza we Merkezi Aziýa döwletlerine klimat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny ösdürmek baradaky Ähtnamany baglaşmak teklip edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Pariž şertnamasyny ýerine ýetirmeginiň çäklerinde degişli Ýol kartasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça bilime we ekologik terbiýä hem uly üns berilýär. Şundan ugur alnyp, şu ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljek ýaşlaryň 18-nji maslahatynyň (СOY-18) we BMG-niň maslahatynyň (СOP-28) öňüsyrasynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny geçirmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, ekologiýa, tebigaty goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bu möhüm ulgamda öňde goýlan wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly orny eýeläp, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ilerletmek ugrunda çykyş edýär.

«Kosmos işi hakynda» Kanuna laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň çäginde hem-de kosmos giňişliginde kosmos ulgamlaryny peýdalanmagyň Kadalarynyň taslamasy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň ilkinji «TürkmenÄlem52oE» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna girendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, älem giňişligini öwrenmek, bu ulgamdaky işiň hukuk-guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kemala getirmek boýunça degişli işleri amala aşyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde iki sany gury ýük gämisini gurmagy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny gurmagy göz öňünde tutýan Kararlara gol çekdi.

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Mejlisde ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygy bellemek bolar. Onuň barşynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri, ilkinji nobatda, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary özüniň beýanyny tapdy. Watanymyzy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň baş maksadydyr.

Soňky habarlar
02.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
30.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
30.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
30.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy
30.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki çykyşy
30.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
30.11
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow