Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Dostlukly ýurtlaryň Türkmenistana gutlaglary beýan edildi
Jemgyýet
Dostlukly ýurtlaryň Türkmenistana gutlaglary beýan edildi
Çap edildi 28.09.2023
2009

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäde iň beýik «Burj Halifa» diňiniň ýüzünde ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Örän täsirli şöhlelenme beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dost-doganlygyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Metal gurluşdan ybarat 180 metrlik sütünli ägirt uly bu bina Dubaý şäheriniň esasy işewürlik merkezidir.

Türkiýäniň Kapadokiýa şäheriniň çäginde ýerleşýän dünýä syýahatçylarynyň arasyndaky meşhur ýerde «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!», şeýle hem «Ýaşasyn, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklary!» ýazgyly howa şarlary asmana uçuryldy.

Birleşen Arap Emirlikleri we Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarydyr. Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär.

Emirlikleriň we türk işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmalary artýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmegi maksat edinýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow