Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 10-njy sany okyjylara gowuşdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 10-njy sany okyjylara gowuşdy
Çap edildi 04.11.2023
3344

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 10-njy sany okyjylara ýetirildi. Žurnalyň edebi işgärleri az wagtyň içinde toplanan tejribe bilen onuň ýene-de bir täsirli sanyny taýýarlapdyrlar.

Neşiriň täze sany Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegine we hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen onuň ilkinji eýesi bolmagyna bagyşlanan makala bilen açylýar. «El hünäri il gezer» atly makala bolsa Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň täsirlerinden döräpdir. «Arkadagly ýaşlar milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýar» diýen ganatly sözlem bilen başlanýan makalada Milli Liderimiziň agtyklarynyň dünýäniň iň köp ilatly döwletinde türkmen alajasyny örmek ussatlygyny görkezişi barada gürrüň edilýär.

«Ýaşlar we sebitleriň durnukly ösüşi» atly makala ýaşlaryň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalaryna bagyşlanypdyr. Ugurdaş pikir «Döwrebap bilim ulgamy we ýaşlar» atly makalada hem dowam etdirilýär.

Žurnalyň döredijilik topary oktýabr aýynda bellenilen Hatyra gününe bagyşlanan makalany hem okyjylar bilen paýlaşypdyr. Täsirli çykyşlaryň ýene biri «Arkadag şäheri – bagtyň şäheri» diýlip atlandyrylýar.

Döwletli Diýarymyzda däbe öwrülen Wena baly şu ýyl ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi. Şeýle-de, «Arkadagyň säheri» diýen at bilen geçirilen halkara kinofestiwal dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä eýe boldy. Žurnalyň sahypalarynda bu halkara çäreleriň ikisine hem täsirli makalalar bilen orun berlipdir.

Neşiriň ýubileý sanynda iňlis dilinde paýlaşylan ilkinji makala Garagum sährasynyň gymmatlyklaryna bagyşlanýar. Rus dilindäki ilkinji makalada bolsa ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda ykdysady syýasatyň ornuna üns çekilýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täsirli makalalar neşiriň bu sanynda hem ýerleşdirilipdir. Olar «Magtymguly, waspyň dillerde dessan» we «Magtymgulynyň ilkinji ýadygärliginiň gurulmagynyň taryhy» (rus dilinde) diýlip atlandyrylýar. 

«Myrat tapan yhlas» atly makala türkmenistanly ýaş alymyň ylmy gözlegleriniň önümçilige ornaşdyrylyp başlandygy barada gürrüň berilýär. Iňlis dilindäki makalalaryň biri hem ýaşlaryň ylmy gözleglerine bagyşlanypdyr.

«Harpdan owal edep» ady bilen özüne çekýän makalada halkymyzyň çaga terbiýesine berýän ähmiýeti dogrusynda söhbet edilýär. 

Belli suratkeş Yzzat Gylyjowa bagyşlanan täsirli makala «Asyryň ussat nakgaşy» diýlip atlandyrylýar. 

«Bu aýda kimler doguldy?», «Oktýabryň täsin tagamlary» (iňlis dilinde), «Türkmen tälimçisi birinji orunda» ýaly makalalar hem iňňän täsirli bolupdyr. Däp bolşy ýaly, žurnalyň ahyrky sahypalarynda «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edilýär.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow