Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar
Ykdysadyýet
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar
Çap edildi 26.12.2016
1867

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar. Täze kärhana ýylda 20 müň tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolar. Taýýar edip ulanmaga bermek üçin desganyň taslamasyny düzjek we ony bina etjek potratçyny saýlamaga 2017-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli halkara bäsleşik yglan edildi. Himiýa senagaty Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň işjeň ösýän pudaklarynyň biridir. 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzüminde önümçiligiň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15 göterim artdy, önümler 17,5 göterim köp ýerlenildi. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek harytlaryň ýurdumyzdaky önümçiliginiň ösüşi diýarymyza getirilýän onümleriň fiziki möçberleriniň azalmagyna täsir edýär. Hususan-da, Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýyl ýuwujy serişdeleriň daşary ýurtlardan getirilişi 11,2 göterim azaldy. Şunda dürli sarp edijilik häsiýetli ýuwujy serişdelere islegiň bolşy ýaly, ýurdumyzda bu önümleriň sarp edilişiniň derejesi yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň ösýän bazaryny önümleriň şeýle görnüşleri bilen üpjün etmekde hususy öndürijiler öz goşantlaryny goşýarlar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow