Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkymyzyň belent ruhy ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär
Jemgyýet
Halkymyzyň belent ruhy ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär
Çap edildi 12.01.2024
3433

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Mary şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sadakasy berildi. Toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, bu ýerde aýat-doga okaldy. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan beýik işleriň uly üstünliklere beslenmegi, sahawatly topragymyzyň berekediniň artmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýurdumyzyň abadançylygynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edildi.

Şeýle hem Mary şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýerlerde geňeşiň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly hajy metjidinde bolup, din wekilleri bilen ýurdumyzda ýagşy dessurlaryň yzygiderli dowam etdirilmegi boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlary barada geňeş edildi. Onda hajy Arkadagymyzyň welaýata gelip, Gurbanguly hajy metjidinde din wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, öten-geçenleri ýatlap sadaka berilmeginiň, aýat-töwirleriň okalmagynyň paýhasly pederlerimizden gelýän ýagşy dessurlaryň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýändigi barada aýdan sözleriniň ähmiýetine üns berildi.

Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdan teklibini biragyzdan goldap, hajy Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde ägirt uly işleri bitiren käbesi Ogulabat ejäniň we manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna gabat gelýändigini nazara alyp, belli günleriniň aralygyna düşýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek barada karara geldiler we ýagşy adamlary ýatlap aýat-töwirleriň okalmagynyň göwne makul boljakdygy barada özara geňeşdiler.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän asylly işler döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden, dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň üstünlikli dowam etdirilmegine zerur üns berilýär.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar raýatlaryň halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow