Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty
Çap edildi 09.02.2024
2715

Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Maslahata Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hukuk ulgamynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde häzirki döwürde dürli ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Şunda döwletimiziň her bir raýatyň erkin we mynasyp derejede ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek bilen, adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýändigine üns çekildi. Ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň türkmenistanlylaryň kanunçylykda berkidilen hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitlerini goraýandyklary nygtaldy. Bu ulgamda amala aşyrylýan ähli işler kanunylygyň, hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilmegine, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleriň, şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.

2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çärelere aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu resminamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adalatly, garaşsyz kazyýet çözgütleriniň çykarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli meýilnamalaýyn işler maslahatda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işine döwrüň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün etmegiň ähmiýetine üns çekildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa kazyýet ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow