Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda işewürlik toplumlaryny gurýar
Ykdysadyýet
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda işewürlik toplumlaryny gurýar
Çap edildi 30.12.2016
2494

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sebitleriň dolandyryş merkezlerinde işewürlik toplumlaryny gurýar. Şol toplumlaryň düzümine TSTB-niň welaýat şahamçasynyň edarasy, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň bölümi, dabaralar zaly, işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi girýär. TSTB-niň şahamçasynyň binasynda şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bölümi, işewürlik mekdebi ýerleşer. Türkmenabat şäherinde gurluşygy “Baş Bina” hojalyk jemgyýeti, Maryda bolsa “Eziz Dag” hususy kärhanasy alyp barýar. TSTB-niň şahamçasynyň binasynda şeýle hem myhmanhanany we kinoteatry birleşdirýän meýdany boýunça iň uly toplum Daşoguz şäherinde bina edilýär. Ony “Tumar” kompaniýasy gurýar. Bu desgalaryň gurluşygyny 2017-nji ýylyň baharynda tamamlamak meýilleşdirilýär. ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly sport toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň gurluşygyny Senagat ministrliginiň buýrmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy amala aşyrýar. Toplumyň düzümine ýedi bölüm girip, olaryň biri basketbol, ping-pong, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol ýaly sport oýunlary üçin niýetlenendir. 2 müň tomaşaçy orunlyk ikinji binada suwda ýüzülýän howuz, şol sanda beýiklikden bökmek üçin howuz, fitnes-zal, bouling üçin zal, sauna, kafe, massaž otaglary hem-de beýleki otaglar ýerleşýär. Aýratyn bölüm fitnes, agyr atletika, gylyçlaşma sporty, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, erkin we grek-rim göreşi, beýleki başa-baş söweşler bilen meşgullanmak üçin niýetlenendir. Taslamada hokkeý, kýorling, figuralaýyn typmak üçin meýdançalary bolan iki gatly Buzly köşk göz öňünde tutulandyr.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow