Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TNGZT-da polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri alnyp barylýar
Ykdysadyýet
TNGZT-da polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri alnyp barylýar
Çap edildi 03.01.2017
1837

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri dowam edýär. Ol ýakyn wagtda ulanmaga tabşyrylar. Bu ýerde öndüriljek dürli galyňlykdaky biaksial ugurly polipropilen pleýonkasyna, ilkinji nobatda, azyk öhümlerine niýetlenilen gaplamak üçin serişde hökmünde içerki we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. TNGZT tarapyndan öndürilýän önümler ýokary oktanly awtomobil benzinlerinden başlap, suwuklandyrylan gaza we polipropilene çenli eýýäm onlarça görnüşleri özünde jemleýär. Şeýle hem Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýokary oktanly benzinleri öndürmek boýunça enjamyň döwrebaplaşdyrylmagy tamamlandy. Desgalar hiliň we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň halkara ölçegleri nazara alnyp bina edildi. Täze enjamlaryň gurnalmagy hem-de Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy çig malyň oýlanyşykly peýdalanylmagyna, nebitiň gaýtadan işlenilişiniň çuňlugynyň görkezijisiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow