Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 18.04.2024
1069

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.

1-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, täze wehimlere garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Bu çäre ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda özboluşly goşant boldy.

Forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi we Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşyklarda türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

4 — 6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi geçirildi. Onda halylar, şaý-sepler, öý-hojalyk, gurluşyk harytlary, senagat himiýa serişdeleri, gök önümler, miweler, azyk önümleri we beýlekiler görkezildi. Serginiň çäklerinde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ekologik meselelere aýratyn üns çekildi.

4-5-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda energetika, ekologik howpsuzlyk, durnukly ulag, suw diplomatiýasy, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ulgamlarda halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilýändigi bellenildi.

4-nji martda Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji martda Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji martda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Onda guramanyň üç ölçeginiň çäginde sebit merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

6-njy martda sanly ulgam arkaly Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş Assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu birleşigiň agzalygyna kabul edildi.

7-nji martda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol gün Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy.

10 — 12-nji martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri, daşary işler boýunça baş sekretary, Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri Wenada ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary — ÝHHG-niň Baş sekretary, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdiler. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Graz tehnologiýa uniwersitetinde, Wenanyň diplomatik akademiýasynda bolup, Awstriýanyň kompaniýalarynyň 25-siniň işewürleri bilen pikir alyşdylar. Iş saparynyň netijeleri boýunça degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

12-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde duşuşyk geçirildi. Bu çäre Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen guraldy.

12-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen geçiren duşuşygynda Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde 13-nji martda Daşary işler ministrliginiň binasynda Ispaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martines bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri, şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, «Ibertest», «Nobargi», «Typsa», «Cesce», «Tubacex», «Almar Water», «Teltronic» ýaly ispan kompaniýalarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

14-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

14-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan çagyrylan durnukly ösüş boýunça sebit forumyna gatnaşdy. Onuň dowamynda türkmen tarapy birnäçe halkara başlangyçlary beýan etdi. Şol gün Halkara Migrasiýa Guramasynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda owgan zenanlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi.

15-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň ugurlary we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17 — 19-njy martda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri — Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Brýusselde ýerleşýän halkara guramalaryň, Belgiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň, söwda-ykdysady düzümleriniň, işewür toparlarynyň, Ýewropanyň birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Şunuň bilen birlikde, 18-nji martda Lýuksemburgyň wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Bettel bilen geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde utgaşykly görnüşde guralan «Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap» atly «tegelek stol» maslahatyna daşary ýurtlardan işewür toparlaryň 120-den gowrak wekili gatnaşdy. Onuň dowamynda energetika, ulag, maýa goýum, söwda, sanlylaşdyrmak ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 18-nji martda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

19-njy martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen geçiren duşuşygynyň barşynda halkara gümrük ulgamyna, şol sanda BGG-niň esasy Kararnamalaryna goşulyşmakda Türkmenistanyň soňky ýyllarda amala aşyran tagallalary bellenildi, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça guramanyň okuw, hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryna gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Panama Respublikasynyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

20-nji martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Rim şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýa Respublikasynyň wise-premýeri, daşary işler ministri Antonio Taýani, Rim şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, Italiýanyň wise-premýeri, infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwini, ýurduň ulag edaralarynyň wekilleri, Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň prezidenti Alwaro Lario, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti bellenildi.

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi.

23-24-nji martda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Birleşigiň 148-nji Assambleýasynyň işine, şeýle hem zenan parlamentarileriň maslahatyna gatnaşdy.

25-nji martda Daşary işler ministrliginde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki çäreleri guramak, türki dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO ýaly halkara guramalaryň üsti bilen dünýä ýaýmak meselelerine üns çekildi.

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Onuň çäklerinde Änew şäheriniň medeniýet öýünde «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

26-njy martda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn esasda giňeltmegiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek we köpdürlüligini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, täsirli maglumat-mahabat çärelerini alyp barmak, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak ýaly meselelere garaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde ýokarda ady agzalan maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen geçiren duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Şol gün Aşgabatda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara bagyşlanyp, “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.

28-nji martda Daşary işler ministrliginde Russiýanyň “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen bolan duşuşykda maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçen aýda geçirilen çäreler ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy özenini düzýär.


Soňky habarlar
23.07
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
23.07
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Aşgabatda “Olimpiada — 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi
22.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy
21.07
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna
21.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
21.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
20.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
top-arrow