Şu gün paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, ýokary netijeli sport hereketini ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň, 78-nji sessiýada «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi sport ulgamynda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä giňişliginde giň goldawa eýe bolýandygyna güwä geçýär. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň düzümindäki Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi-de muny aýdyň tassyklaýar. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň artmagyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlaryň ilerledilmegini, Olimpiýa hereketiniň ählumumy ynsanperwerlik we parahatçylyk döredijilik wezipeleriniň goldanylmagyny şertlendirýär.
Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi milli sportuň taryhynda täze sahypany açdy. Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli şertleri bolan ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny alamatlandyrdy. Milli we dünýä sportunyň ýyl ýazgysyna ajaýyp sahypa bolup giren «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da artmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Paýtagtymyzda geçirilen iri sport ýaryşlarynyň hatarynda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligini, Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny, GDA-nyň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda guralan hokkeý boýunça halkara ýaryşy, Ýewropa, Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy görkezmek bolar.
Ine, bu gün ýurdumyzda ýene-de bir wekilçilikli sport bäsleşigi — küşt boýunça halkara ýaryş geçirilýär. Oňa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky 129 türgen gatnaşýar. Ýaryşyň açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi boýunça uly işleri alyp barýan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan ýaryşyň guramaçylygyna örän jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk görüldi.
Ýurdumyzda zehinli türgenleri ýüze çykarmak üçin çagalaryň arasynda wagyz ediş we okuw maksatly çäreler alnyp barylýar. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän yzygiderli türgenleşiklere irki döwürden başlap işjeň çekilýär. Şunda ýaşlar sportuň diňe bir işjeň däl, eýsem, aň-paýhas görnüşlerini, şol sanda küşt sportuny hem uly höwes bilen üstünlikli özleşdirýärler. Şunuň bilen baglylykda, soňky üç ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň agzalarynyň sany 60-dan 1 müň 300 adama çenli artdy. Küşte gyzyklanmanyň barha artmagy ýurdumyzda FIDE reýtinginiň hasaby ýöredilýän ýaryşlaryň sanynyň köpelmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Meselem, 2000 — 2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda şeýle ýaryşlaryň 57-si geçirilen bolsa, diňe soňky iki ýarym ýylyň içinde olaryň sany 232-ä ýetdi. Netijede, türkmen küştçüleriniň ussatlygy we gazanýan üstünlikleri hem artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejeli grossmeýsterleriň sany 10-a ýetýär. Olaryň üçüsi soňky üç ýylyň içinde bu hormatly ada mynasyp boldular. Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda türkmen küştçüleri halkara ýaryşlarda 39 medal gazandylar. 2024-nji ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýurdumyzyň erkek we zenan türgenler ýygyndylarynyň, degişlilikde, “B” we “C” derejede eýe bolan altyn medallary olaryň esasy ýeňişleriniň biri boldy.
Paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen, 350 okuwça niýetlenen hem-de 500-e golaý oýun ýeri bolan Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi küşt sportunyň ösüşine täze itergi berdi. Bu mekdepde diňe bir okuw-türgenleşikleri däl, eýsem, internet aragatnaşygy arkaly göni ýaýlymda islendik derejedäki ýaryşlary geçirmek üçinem ähli şertler döredilendir. Bu gün bolsa ýöriteleşdirilen mekdep Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän halkara küşt ýaryşyny ilkinji gezek kabul edýär.
...Irden Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binasynyň ýanynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Uzak garaşylan pursat ýetip geldi: ýaryşyň resmi açylyş dabarasy başlandy.
Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalýar. Onda küşt oýnunyň gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda hem meşhurlyga eýedigi nygtalýar. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawynda orun alan bu oýun sport görnüşi hökmünde giňden tanalýar. Küşt oýny geçmişde «sadranç», «şahmat» ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Ol has irki döwürlerde güýmenje hökmünde döräp, wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşipdir. “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde küşt oýnuna aýratyn ähmiýet beripdirler. Türkmen türgenleriniň küşt boýunça iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary örän guwandyryjydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Dabaranyň möhüm pursady ýetip gelýär: küşt boýunça halkara ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär. Soňra Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy W.Mälikgulyýew we rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy Aleksandr Şkurihin ähli gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Sport guramalarynyň ýolbaşçylary sportuň, şol sanda küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi hem-de wekilçilikli halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, oňa gatnaşyjylary ýaryşyň başlanmagy bilen gutladylar.
Resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, aýdym-sazly we tansly ajaýyp çykyşlara orun berildi. Dürli sport görnüşleriniň wekilleri hem täsirli görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýaryşa gatnaşyjylar ýadygärlik surata düşdüler, soňra olar mekdebiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň sport üstünlikleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Aşgabatda üç günläp dowam etjek halkara küşt ýaryşynyň dowamynda rapid we blitz görnüşleri boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde, 12 medallar toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Rapid görnüşinde oýunçynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen, 15 minut wagt berilýär. Küştüň çalt oýnalýan blitz görnüşinde bolsa her göçüme 2 sekunt wagt goşmak bilen, her oýna 3 minut wagt berilýär. 9 tapgyryň jemi boýunça ýaryşyň medallara eýe bolan ilkinji ýeňijileri 17-nji iýunda belli bolar. Gutarnykly netijeler bolsa blitz boýunça oýunlar tamamlanandan soňra, ýagny 18-nji iýunda jemlener.
Ýaryşyň guramaçylary oňa gatnaşýanlar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlapdyrlar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet sirkine, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähine, «Berkarar», «Aşgabat», «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görmek, Olimpiýa şäherçesine we paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutulandyr.