Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkyň abadan durmuşynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Halkyň abadan durmuşynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
Çap edildi 15.06.2025
99

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, içerki bazary türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen önümler bilen bolelin üpjün etmek ýaly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler bu günki gün has-da rowaçlyklara beslenýär. 11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda ýetişdirilen hasylyň kesgitlenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi hem-de satyn alnan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, bugdaý oragynyň depginleri, hasyllylygyň derejesi bilen gyzyklandy hem-de oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň, suw hojalyk toplumlarynyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşygyň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde gallaçy kärendeçiniň alyp barýan işi, hasyllylygyň derejesi, kärendeçiligi netijeli ýola goýmak ugrunda döredilýän şertler bilen gyzyklanyp, döwletimiziň daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşmegi, ýerden bol hasyl almagy, oba hojalykçylaryň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini belledi.

Iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy hem-de pudaga täze gelip gowşan häzirki zaman tehnikalaryny synlady.

Şol gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine badalga berildi. Howa şertleri göz öňünde tutulyp, bu sebitlerde galla oragyna beýleki welaýatlardan biraz gijräk girişilýär. Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary 690 müň gektar ýerden azyklyk bugdaýyň 1 million 400 müň tonnasyny ýygnap almagy meýilleşdirýärler. Şol maksat bilen, ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň «Arkadag», «Serdar» we «Pyragy» ýaly ýokary hasyllylygy, az suwaryşy talap edýändigi bilen tapawutlanýan görnüşleri ekildi.

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, kanun taslamalaryny taýýarlamak, daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän, şu ministrligiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir. Nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň esasy wezipeleri bolup durýandygy aýdyldy. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegi dowam etdirmek oba hojalyk pudagynyň öňünde goýlan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän himiýa kärhanalarynyň mad-dy-tehniki binýadyny berkitmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini bu önümler bilen öz wagtynda üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejä çykarmak maksady bilen, 15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň gatnaşmagynda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde «Sanly çözgüt — 2025» atly innowa-sion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady. Bu bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, «akylly» şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ekologiýa ulgamynda Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň halkara we sebit derejesindäki forumlarda öňe sürýän möhüm başlangyçlary bu işleri yzygiderli pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşmagy bilen bagly resminama gol çekdi.

Geçen hepde 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara maslahatlar geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly foruma ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri bilen bir hatarda, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Belarusuň, Braziliýanyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň, Awstriýanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy merkezleriniň, kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Innowasiýalary ulanmak arkaly dermanlyk ösümlikler-den alynýan tebigy bejeriş serişdelerini ösdürmek, biotehnologiýalar arkaly durnukly ösüşe ýardam etmek, ýokary bilimiň netijeliligini artdyrmak maslahatda edilen çykyşlaryň esasy mazmunyny emele getirdi.

Malaýziýanyň «akylly» aragatnaşyk ulgamlaryny döretmekdäki üstünlikleri we çöl şertlerinde oba hojalygyna fotoelektrik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak tejribesi maslahata gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi. Ýapon alymlarynyň ylym-bilim ulgamynda, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda, suwuklandyrylan gazyň eksportyny artdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky teklipleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşary ýurtly alymlaryň çykyşlarynda Türkmenistanda elektronika pudagy üçin ýarymgeçirijileriň we önümleriň önümçiligini ýola goýmak babatda gymmatly teklipler beýan edildi.

Tejribe alyşmak, ylmyň soňky gazananlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýylda guralýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata türkmen alymlary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Kataryň, Alžiriň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda sebit üçin möhüm meseleleriň biri bolan seýsmiki töwekgelçilige baha bermek we çaklamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine-de üns berildi. Şeýle hem täze tehnologiýalar, şol sanda ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sanlylaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak, emeli aň ýaly ylmyň soňky gazananlaryny peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Bu giň möçberli transmilli taslama ýurtlara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, bilimleri, innowasion tehnologiýalary we medeni gymmatlyklary alyşmak üçin hem möhüm köprä öwrülýär. Forumda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy, şol sanda fizika, himiýa, biologiýa, lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda-da durlup geçildi. Maslahatyň çäklerinde innowasion tehnologiýalaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Hödürlän işleri diňe bir nazary taýdan däl, eýsem, önümçilik babatda hem täze ylmy başlangyçlar bilen tapawutlanýan 118 sany ýaş alym döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanyldy.

Aşgabatda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka geçirildi. Giň gerimli sergi Türkmenistanyň dokma pudagynyň mümkinçiliklerini görkezmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.

Gözden geçirilişe 110-a golaý kompaniýa gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bar. Daşary ýurt kompaniýalarynyň hatarynda «Toyota Industries Corporation», «Murata Machinery» (Ýaponiýa), «Rieter» (Şweýsariýa), «LMW Global FZE», «Lakshmi Card Clothing», «Indokem», «Atul chemical» (Hindistan), «MRN Kimya» (Türkiýe) we «Ben tech Chemical» (Tailand) ýaly meşhur önüm öndürijiler hem foruma gatnaşdylar.

Sergide dokma senagatynyň ähli tehnologik we önümçilik tapgyrlary — tebigy süýümleri gaýtadan işlemek, himiki we gaplaýjy serişdeleri öndürmek üçin niýetlenen enjamlardyr tehnologiýalaryň iň täze görnüşlerinden başlap, taýýar önümler, şol sanda ýokary hilli egin-eşikler, iş lybaslary, hususy dokma önümleri, haly, gön önümleri, aýakgaplar, torbalardyr beýleki esbaplar görkezildi. Sergi diňe bir dokma senagatynyň öňdebaryjy öndürijilerini we üpjün edijilerini däl, eýsem, Italiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň, Singapuryň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň dünýä belli dizaýnerlerini hem türkmen paýtagtynda jemledi. Türkmen dizaýnerleriniň we modalar öýleriniň lybaslarynyň görkezilişi daşary ýurtly wekillerde uly gyzyklanma döretdi.

14-nji iýunda Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Ýaş serkerdeler harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň sebitleriniň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek, dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
16.06
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara
15.06
Halkyň abadan durmuşynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
14.06
Ýokary taýýarlykly hünärmenler — Watanymyzyň ygtybarly goragçylary
13.06
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si
13.06
Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry­na, ser­ker­de­le­ri­ne we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na
13.06
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
12.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
12.06
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
top-arrow