Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi
Çap edildi 05.01.2017
2741

Ykdysadyýetiň döwlete degişli desgalaryny hususylaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi. 2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda geçiriljek söwdalarda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki desgalaryň jemi 34-sini hususy eýeçilige satmak meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolanyşygynda bolan kärhanalaryň paýnamalarynyň döwlet bukjalary, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň garamagyndaky hem-de birnäçe beýleki edaralaryň desgalary bar. Dokma we tikin önümçilikleriniň birnäçesini hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär, däp boýunça dükanlar we söwda nokatlary, hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalar hem-de gurluşygy tamamlanmadyk desgalar hususylaşdyrylan desgalaryň uly bölegini tutar. Kärhanalaryň hususyýetçilige satylmagy döwlet gaznasyna uly girdeji getirer. Satyljak birnäçe iri desgalaryň başlangyç bahasy millionlarça manada barabardyr. Bu kärhanalaryň eýesiniň bolup netijeli peýdalanylmagy eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerine tutup biljek önümleriň önümçiligini ösdürmäge ýardam berer. Kärhanalaryň döwlete degişli bolmagyndan aýrylmagy döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow