Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Garabogazda gurulýan karbamid zawodynyň gurnama işleri geçirilýär
Ykdysadyýet
Garabogazda gurulýan karbamid zawodynyň gurnama işleri geçirilýär
Çap edildi 06.01.2017
2147

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawod gurulýar. Taslama “türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan “Misubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler. Gurluşyk-gurnama işlerinde türkmen we daşary ýurt raýatlarynyň üç müňden gowragy işleýär, şeýle hem ýörite gurluşyk tehnikalarynyň üç ýüze golaý işledilýär. Häzirki wagtda ammiak önümçiliginde ammiak toplaýjylar we kömürturşy gazyny bölüp aýryjy enjamlary gurnamak işleri tamamlandy. Karbamid bölüminde bolsa enjamlary we metal gurnamalary gurnamak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň Garabogaz şäherindäki bölüminde 287 hünärmen taýýarlanylýar. Talyplar önümçilik tejribeligini konserniň “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynda geçýärler. Desga ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň maksatnamasyna laýyklykda bina edilýär, ol maksatnama ýurdumyzyň kuwwatlyklarynyň peýdalanylmagyna, ekspota iberilýä harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow