Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlete degişli däl ulgamda senagat önümçiligi 40 göterim ýokarlandy
Ykdysadyýet
Döwlete degişli däl ulgamda senagat önümçiligi 40 göterim ýokarlandy
Çap edildi 13.01.2017
2135

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2016-njy ýylda senagat önümleri 2015-nji ýyldakydan 41 göterim köp öndürildi. Hususy ulgamda ähli senagat önümleriniň ýarysyna golaýyny gurluşyk serişdeleri emele getirýär. Diňe geçen ýylda telekeçiler tarapyndan kuwwaty bir ýylda 2 million sany nagyşly keramiki kerpiçleri öndürýän zawod gurlup ulanmaga berildi (Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby); geçirijileri we kabelleri öndürýän kärhana (Ahal welaýatynyň Kaka etraby); her biriniň kuwwaty 50 müň tonna bolan gips we gips önümlerini çykarýan iki kärhana (Balkan welaýatynyň Jebel şäheri, Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby); bir ýylda 1 million inedördül metr möçberi bolan izogam önümçiligi işe girizildi (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri). Mundan başga-da, geçen ýylyň fewralynda Aşgabatda “Abadanhaly” paýdarlar jemgyýetiniň haly fabrigi açyldy. Onuň kuwwatlylygy bir ýylda 800 müň inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge barabardyr. Dekabrdan başlap bolsa bu ýerde polipropilen halylary öndürilip başlandy. Taslama kuwwtlylygyna laýyklykda, olaryň ýyllyk möçberi 400 müň inedördül metre deňdir. Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel önümçilikleriniň 18-si ulanmaga tabşyryldy. Şol etrapda hem telekeçiler tarapyndan çaga pampersleriniň (bir ýylda 10 million sany) çykarylmagy özleşdirildi hem-de ýurtda ilkinji gezek LED-yşyklandyryjylary (bir ýylda 4 million sany) öndürilip başlandy. Täze önümçilik bölümler we zawodlar 9 müňden gowrak adamy iş ýerleri bilen üpjün etdi.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow