Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti: 2017-nji ýylda önümçilik desgalaryň 262-si we durmuş ähmiýetli desgalaryň 611-si gurlar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti: 2017-nji ýylda önümçilik desgalaryň 262-si we durmuş ähmiýetli desgalaryň 611-si gurlar
Çap edildi 13.01.2017
2098

2017-nji ýylda Türkmenistanda gurluşyk pudagynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirmek maksat edinilýär. Şolardan 34 millard 900 million manady ýa-da 81,6 göterimi önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 7 milliard 800 million manady ýa-da 18,4 göterimi bolsa önümçilik däl desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Bular barada şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, 2017-nji ýylda ýurtda 873 desgany, şol sanda önümçilik desgalaryň 262-sini we durmuş ähmiýetli desgalaryň 611-sini bina etmek göz öňünde tutulýar. Hassahanalar, lukmançylyk merkezleri we saglyk öýleri, mekdebe çenli ýaşdaky çagalar edaralary, orta mekdepler, medeniýet öýleri gurlar hem-de olaryň durky täzeleniler. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Döwlet serişdeleriniň hem-de hususy maýa goýumlaryň hasabyna şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň depginli gurulmagy dowam etdiriler.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow