Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 14.10.2024
2614

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutany Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak barada iberen çakylygy hem-de bu şanly senäniň hormatyna döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Milli Liderimizden haýyş etdi. Akyldar şahyr eserlerinde parahatçylyk söýüjilik, ýagşylyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edipdir. Onuň edebi mirasy häzirki wagtda-da öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Aşgabatda geçirilen halkara forumyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň çäklerinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda döwletara dialoga mahsus özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy guraly bolup durýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow