Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2025: dördünji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2025: dördünji gün
Çap edildi 25.06.2025
103

Şu günler Ahal welaýaty “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şanly ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleriniň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrülýär. Mazmun taýdan dürlüligi bilen tapawutlanýandygyna garamazdan, bu çäreler bitewi pikir-düşünjäni — milli medeniýetiň nesilden-nesle geçirilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň medeni çäreleri gadymy Änew galasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilen «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň we gorap saklamagyň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty bilen badalga aldy. Bu çäre bahasyna ýetip bolmajak taryhy gymmatlyklary gorap saklamagyň möhümdiginiň, ony geçirmek üçin hut şu ýeriň saýlanyp alynmagy bolsa geçmiş bilen şu günüň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygyň beýany boldy.

Gadymy Änewiň halkymyzyň şöhratly geçmişinde möhüm orun eýelän taryhy şäherleriň biri bolandygyny bellemek gerek. Bu ýerde gadymy döwrüň ýadygärlikleri bar. 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, eneolit döwründe gülläp ösen ekerançylyk medeniýetine degişli köp sanly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň daş-mis asyryna degişli medeni gatlaklarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem tapyldy. Bu açyşlardan soňra sebitiň eneolit döwrüniň arheologik medeniýeti “Änew medeniýeti” ady bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýaň saldy. XX asyryň ortalarynda Änew medeniýetine degişli başga-da birnäçe ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy orta asyrlarda gülläp ösüpdir. Häzirki wagtda Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar.

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby hem bu şanly waka bagyşlanýar. Kitabyň sözbaşysynda döwlet Baştutanymyz dünýä belli arheologlaryň we taryhçylaryň ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykarandyklaryny, dünýä derejeli möhüm açyşlary edendiklerini belleýär. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular.

Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Gadymy Änewiň täsinligi» atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Şolaryň hatarynda XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin ýadygärligi bar. Bu toplumyň esasy desgalarynyň biri hem metjitdir. Onuň girelgesiniň ýüzi örän täsin, owadanlygy bilen tapawutlanýan mozaika bilen nagyşlanypdyr. Metjidiň gurluşygy barada halk arasynda gadymy rowaýatlar bar. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýertitreme zerarly bu binagärlik toplumy we metjit weýran bolupdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, syrçaly mozaikalaryň asyl nusgalary tapyldy we olar gaýtadan dikeldildi. Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar.

Şeýle hem bu bapda hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň ýaşy, geçen asyryň ortalarynda arheolog Wadim Massonyň kakasy akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy (GTATE) tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky meselelere ünsi çekýär. Onda ylmy maglumatlaryň, taryhy ýazgylaryň esasynda şäheriň ösüşi, onuň ýerleşişi, gurluşy barada gürrüň berilýär. Gadymy Änew medeniýetine, şol sanda bu ýerde neolit zamanynda (b.e.öňki VII-VI müňýyllyklar) dörän we oba hojalygynyň ösüp başlan Jeýtun medeniýetine aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu toprak özünde geljekki gözlegler üçin gyzyklanma döredýän ençeme syrlary saklaýar.

Meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynda şular barada giňişleýin durlup geçildi. Onuň dowamynda hünärmenler we alymlar arheologiýada, medeni mirasy dikeltmekde hem-de gorap saklamakda möhüm çemeleşmeler, täzeçil usullar barada pikir alyşdylar.

Soňra Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de şahyr Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halypa şahyrlara hormat» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli söz ussatlaryny sarpalamak maksady bilen guralan çäre edebiýat söýüjileri bir ýere jemledi. Şahyrlaryň döreden eserleri milli şygryýetimiziň ösüşi üçin uly goşant bolup durýar. Çäräniň çäklerinde Gara Seýitliýewiň we Mämmet Seýidowyň goşgulary labyzly okaldy, olaryň eserlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa aýratyn hormat-sarpanyň, ruhubelentligiň nyşanyna öwrüldi. Duşuşyga gatnaşyjylar şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly barada söhbet edip, olaryň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde, medeni gymmatlyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, çuňňur pikirleri bilen tapawutlanýan, şahyryň ýokary söz ussatlygyndan dörän şol eserlerde watançylyk temasy mynasyp wasp edilýär. Olaryň köpüsine sazlaryň düzülmegi bilen, halk arasynda söýlüp diňlenilýän aýdymlar döräpdir.

Soňra hepdeligiň nobatdaky gününiň çäreleri Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Bu başlangyç milli medeni däpleriň mynasyp derejede ösdürilýändiginiň, nesilden-nesle geçirilip gelinýän sungat bilen gyzyklanýan ýaş zehinleriň goldanylýandygynyň güwäsi boldy. Çäräniň dowamynda degişli ugruň hünärmenleri döredijilik toparlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, täze eserleri döretmek işini ilerletmäge we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen öňdebaryjy tejribelerdir usulyýetler barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, konsertleriň we festiwallaryň guralmagy maşgala aýdym-saz toparlarynyň başarnyklaryny görkezmekleri üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Olar şeýle çärelere gatnaşmak bilen, däp bolan halk, şeýle hem häzirki zaman aýdym-sazlaryny ýerine ýetirip, türkmen aýdym-saz sungatynyň žanrlara baýdygyny görkezýärler. Ýaş zehinler halypalardan öwrenen halk saz gurallaryndan, bagşyçylyk däplerinden mynasyp derejede baş çykarmak bilen, medeniýeti üznüksiz kämilleşdirýärler. Soňra maşgala aýdym-saz toparlary halk we döwrebap aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Änew şäherindäki medeniýet öýüniň sahnasynda Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň guran giň gerimli konserti döredijilik forumynyň dördünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Lebap we Mary welaýatlarynyň artistleri däp bolan, şeýle-de döwrebap aýdym-sazlary, dürli žanrlardaky eserleri sazlaşykly utgaşdyryp, tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşladylar. Ýurdumyzyň sebitleriniň medeni mirasynyň dürli aýratynlyklara eýedigini görkezen konsert döredijilik toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň berkidilmegine hem ýardam eder. Ruhubelentlige beslenen çäre medeniýetiň we sungatyň kuwwatly birleşdiriji güýje eýedigini nobatdaky gezek tassyklady.

Şeýlelikde, Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çärelerinde milli medeniýet we sungat ulgamynyň ýeten sepgitleri, oňyn ösüş depginleri aýdyň beýanyny tapdy. Bu ulgamda gazanylýan üstünlikler mundan beýläk-de halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Soňky habarlar
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
25.06
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
25.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: dördünji gün
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň strategik başlangyçlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
24.06
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
24.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
24.06
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
24.06
Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyryp
23.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow