Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň esasy maksady Watanymyzy ylmyň soňky gazananlaryna, täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti bolan ösen ýurtlaryň birine öwürmekden ybaratdyr.
23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Bellenilişi ýaly, 25 ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda AÖB Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ýaly ulgamlary öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, demir ýol ulagy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli dialogyň dowam etdirilmeginiň, AÖB-niň maliýe-karz goldawlary esasynda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.
25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýan ägirt uly kuwwat bar. Şunda daşary ykdysady dialogy ilerletmäge ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparyň uly orny we netijeli işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň möhletlerini kesgitlemäge degişli meselä üns çekildi. Ulag-logistika pudagy, ynsanperwer ulgam hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi.
27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Mejlisde döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bilim ulgamyna degişli teklipler hödürlenildi. Hususan-da, Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy we Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi. Munuň özi telekeçilik we işewürlik pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň hiline baha bermäge mümkinçilik döreder.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak we Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda 2025-nji ýylyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça tapgyrlaýyn okuwlary ýola goýmak teklip edilýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan gazylyp alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Mejlisde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çärelere görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanan birnäçe teklipler beýan edildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen bagly degişli resminamalara, şeýle hem 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Işewürlik düzümleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykarylyp, üstünlikli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy hem kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklary bellenildi. Şeýle hem ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Taraplar koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, hususan-da, nebitgaz we himiýa senagatynda alyp barýan netijeli işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Daewoo» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmaga gatnaşýandygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny görkezýändigini belläp, bu taslamany amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-junuň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda nebitgaz we himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmäge gatnaşýandygyna aýratyn üns çekildi.
Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysy Çon Kapkil sporty dünýäde giňden wagyz etmekde we bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda bitiren hyzmatlary üçin Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan güwänamany hem-de ýörite taekwondo sport lybasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady we işewürlik ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygy tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar innowasion taslamalar babatda täze bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.
29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering» korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, hususan-da, nebitgaz we himiýa pudaklarynda bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň, şol sanda «Toyo Engineering» korporasiýasynyň uly goşandyny nygtap, döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekdi hem-de korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, Arkadag şäheriniň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak, ýüzlerçe maşgala ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaralary guramak bilen bagly meselelere garaldy.
Geçen hepde Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» Kararnama biragyzdan kabul edildi. Resminamada syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara hem-de sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigi, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigi nygtalýar.
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak: yslam dünýäsinde agzybirligiň we durnuklylygyň esaslary» atly “tegelek stol” maslahaty aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Oňa gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, sebit we ählumumy derejede-de howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmekde, parahatçylygy üpjün etmekde täsirli gural bolup çykyş edýär.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda yslam dünýäsiniň mukaddes ýerlerine — Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiziň Watanymyza dolanyp gelendiklerini bellemek gerek. Olar edilen doga-dilegleriň, berlen gurbanlyk sadakalarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler hem-de gadymdan gelýän milli däp-dessurlary gorap saklamak ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar “Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.
Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Aşgabatda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu baýrama gabatlanyp, Medeniýet hepdeligi geçirildi. Onuň dowamynda sergiler, sahna oýunlary, täze filmleriň görkezilişleri, edebi hem-de aýdym-saz agşamlary, ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň konsertleri guraldy. Şeýle-de mowzuklaýyn maslahatlar, duşuşyklar, okuw-usuly, ylmy-usulyýet we metbugat maslahatlary geçirildi.
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli döwlet Baştutanlaryndan, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylaryndan we görnükli döwlet işgärlerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşdy.
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan telefon arkaly söhbetdeşlikde Milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi. Şeýle hem dost-doganlyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda berk dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, dostlukly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iri türk kompaniýalarynyň — «Çalyk Holding» we «Rönesans Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Işewürler Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz, energetika we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalary we ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ulanmagyň möhümdigini nygtady.
29-njy iýunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda gurlan hem-de Watanymyzyň üstünlikli ösüşleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna iki ýyl boldy. Şanly waka mynasybetli dabaraly çäreler, maslahat hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallary boldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlylyk we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr.