Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkymyzyň agzybirligi we döredijilikli zähmeti — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
Hepdäniň wakalary
Halkymyzyň agzybirligi we döredijilikli zähmeti — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
Çap edildi 13.07.2025
145

Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady hem-de ruhy kuwwatynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar.

Oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan ykdysady strategiýa we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistana jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini, senagat önümçiliginiň möçberiniň, daşary söwda dolanyşygynyň, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarlardaky nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberi has-da artdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigi bellenildi. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlaryna geçirilen seljerme işlerine laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň kabul eden çözgütleriniň çäklerinde ilatyň durmuşyna degişli möhüm meselelere aýratyn üns çekilendigini bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik, 55,2 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şu döwürde zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda tebigy gazy, nebiti çykarmagyň, elektrik energiýasyny, beýleki önümleri öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary görkezijilere eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny, şol sanda himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşini hem-de möçberini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik beketlerini gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygy nygtaldy. Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy dolanyşygynyň möçberiniň artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 20,7 göterim artdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy. Resminama laýyklykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi döredildi. «Türkmenhowaýollary» agentligi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyrylyp, olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy we üstaşyr gatnawlary ösdürmegi dowam etdirmegiň, howa menzilleriniň durkuny täzelemegiň, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara howa gatnawlaryny açmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda işletmek, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmak, bu ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen gök önümler, miwe we ir-iýmişler, ýeralma, süýt önümleriniň, diri agramdaky etiň öndürilişi ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik ulgamlaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegini gazanmak, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler, çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek barada tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçiriljekdigi bilen baglylykda, ähli ýolbaşçylaryň bu forumyň guramaçylyk işlerine, şeýle hem 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awazada» geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdyklaryny aýtdy. “Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirip, «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem dabaraly ýagdaýda geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de mejlisde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garaldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.

11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy. Ussat gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygynda döwrebap ykdysady gatnaşyklar ýola goýlup, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär. Sebitleriň her birinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, däne üweýän kärhanalar toplumlary guruldy. Önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ak ekin ussatlarynyň adyndan şatlykly wakanyň hormatyna ajaýyp halyny sowgat gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi we daýhanlaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegi mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylarymyzy we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň adyna edermen gallaçylarymyzyň uly zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşýandygyny bellemek gerek. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, döwrebap tehnikalary satyn almaga, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalaryna geçmek bilen, 8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen Balkan welaýatyna iş saparynyň başlanandygyny bellemek gerek. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz “Awaza” köpugurly sport toplumyna, Kongresler merkezine, halkara maslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine baryp gördi hem-de Awazanyň gözel künjeginde ýerleşýän käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy. Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledi. Mundan başga-da, çäräniň geçiriljek ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylar, şygarlar göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidir. Şeýle-de halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlary içgin öwrenilmelidir. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykdan habar berýän wideoýazgylar görkezilmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gämide deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy öz çägini yzygiderli giňeldýär. Şunda medeni-durmuş maksatly binalaryň abatlaýyş işleri batly depginde dowam edýär. Kenar ýakalarynda ýaýbaňlandyrylan işler syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejeli ähmiýetini has-da belende göterýär.

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Gahryman Arkadagymyz ir säheriň jana tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlap, Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz köpugurly sport toplumyna gelip, bu ýerde irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle gezelençleriň berýän peýdasyny Gahryman Arkadagymyz öz şahsy göreldesi bilen subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda her ýylda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan bu köpçülikleýin çärelere gatnaşýanlaryň sany barha artýar.

13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guramaçylyk döwlet toparynyň maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen dört ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işlerine, kabul eden ynsanperwer çözgütlerine aýratyn üns berildi. Dürli kesellerden ejir çekýän ýüzlerçe çagalara kardiohirurgik, neýrohirurgik, ortopedik we başga operasiýalaryň geçirilendigi aýdyldy.

Giň möçberli ykdysady we maýa goýum taslamalarynyň, ilaty durmuş taýdan goramak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, halkymyzyň medeni mirasyna hormat goýmak arkaly jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylmagy, durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tejribäniň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň ösüşleriň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe gitmegini şertlendirýär.

Soňky habarlar
14.07
Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar
14.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
D.Ý.Seýidow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.07
S.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.07
Ş.Mämmedow Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi
13.07
Halkymyzyň agzybirligi we döredijilikli zähmeti — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
13.07
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
13.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşy
13.07
Gahryman Arkadagymyz Awazada welosipedli gezelenç etdi
top-arrow