Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Alym: barlaglar uglewodorod gorlaryna baha berilýän möçberini artdyrmaga esas döredýär
Ykdysadyýet
Alym: barlaglar uglewodorod gorlaryna baha berilýän möçberini artdyrmaga esas döredýär
Çap edildi 01.02.2017
1854

Türkmenistan gaz görnüşli uglewodorod serişdeleri boýunça iň baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen bir wagtda hem alymlar ýurdumyzyň düzlük meýdanlarynda, şeýle hem Günbatar-Türkmen dag çöketliginiň çäklerinde geçirilýän geologiýa, geofizika we buraw barlaglary netijesinde gazyň we gaz kondensatynyň gorlarynyň düýpli bilelikde ösdüriljekdigine ynanýarlar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň meseleleri bilen meşgullanýar. Uglewodorod känlerini netijeli gözlegini we barlagyny ylmy-barlag institutynyň işgärleriniň nähili amala aşyrýandygy barada TDH-nyň habarçysyna geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, institutyň direktorynyň orunbasary Taganguly Ilamanow gürrüň berýär: --Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamasynda “Nebitgaz önümlerini, hususan-da, uglewodorod serişdelerini iň häzirki zaman tehnlogiýalary esasynda düýpli gaýtadan işlemegi, benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp sileg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi ýola goýmagy gazanarys” diýlip, anyk aýdylandyr. Gyýanlyda we Owadandepede gurulýan zawodlar hut şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyranda golaýda bu ýerlerde bolup, bu ägirt uly senagat kärhanalarynda gurluşygyň gidişi bilen tanyşdy hem-de işçiler we hünärmenler bilen duşuşdy. Olar öňde duran saýlawlarda hormatly Prezidentimize zähmet toparlarynyň öz seslerini bermek isleýändiklerini äşgär etdiler. Bu täze desgalar sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, umuman, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Şunuň ýaly, täzeçil kärhanalaryň durnukly işini üpjün etmek bilen baglylykda, gaz serişdelerini gözlemegiň we alynmagyň tehnologiýalarynyň, täze ýataklary netijeli özleşdirmegiň ähmiýeti artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmak, gazhimiýa toplumyny döretmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak bilen pugta baglanyşykda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak wezipesini öňde goýmak bilen gaz pudagyny hut şeýle ugurda ösdürmäge gönükdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurduň senagat taýdan ösüşiniň mümkinçiliklerine şunuň ýaly strategiki nukdaýnazardan garamagy elbetde, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde ýokary derejeli taýyn haryt önümlerini ählumumy bazarda ýerleşdirmek we bu ulgamdan býujete gelýän serişdeleri ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orun eýelemäge ýurdumyza mümkinçilik berer. Tebigy gaz institutynyň alymlary hem-de hünärmenleri binýatlaýyn ylmy barlaglardan başga-da, geologiýa-gözleg işleriniň netijelliligine we hiline gönüden-göni täsir edýän amaly barlaglaryň möçberini hem üzül-kesil giňeltdiler. Ylmy-barlag institutyň işgärleriniň ylmy işleriniň mowzuklary hem geologiýa-gözleg işleriniň usullaryny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň gaz çykarýan pudaklaryny uglewodorod serişdeleriniň barlag edilen gorlary bilen üpjün etmek boýunça dürli görnüşli ylmy-amaly maslahatlary işläp düzmek hem-de ornaşdyrmak, pudagyň kuwwatyny artdyrmak we baý uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen içgin baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, döwrebap barlaglar “Galkynyş” we “Ýaşlar” gaz känleriniň geologiki gorlaryna baha bermäge mümkinçilik berdi. Geofizika bölüminiň işgärleri tarapyndan Gögerendag –Ekerem zolagy boýunça birnäçe amaly maslahatlar taýýarlandy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna berildi. Häzirki wagtda bu maglumatlar esasynda önümçilik guramalary Keýmir, Akpatlawuk, Nazar-Ekerem, Gerçek we Gündogar Gamyşlyja ýataklarynda buraw işleri ýerine ýetirilýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow