Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
Çap edildi 24.11.2025
43

Geçen hepdäniň wakalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty aýdyň beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary türkmen we özbek halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bitiren ägirt uly hyzmatyny aýratyn nygtady. Söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň wajypdygy aýdyldy. Medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan “Daşoguz — Şabat” söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagy döwlet Baştutanymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary bahanyň aýdyň nyşany boldy.

Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklar, gol çekilen birnäçe möhüm resminamalar, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasynyň «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Geçen hepdede Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilen işler bilen baglanyşykly meseleler bar. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ýakyn geljek üçin ösüşini kesgitleýän möhüm resminamany — Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasyny hem-de ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklibi makullady. Bu resminama ýurdumyzda sanly aktiwler bazarynyň ygtybarly hereket etmegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutýar. “Ýol kartasynda” halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, synag taslamalaryny geçirmek ýaly ugurlar kesgitlenilýär. Mundan başga-da, taslamada kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, degişli ugurlarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmaga, dokma senagaty pudagynyň önümçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň esasy bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermäge, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, raýat awiasiýasy pudagynyň logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady.

Mejlisiň dowamynda “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy-barlag, rejeleýiş işleri barada hasabat berildi. Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak üçin “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Ýüze çykarylan gymmatly taryhy tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisini geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.

Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

O.Atabaýewa halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda çykyş edip, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy barada gürrüň berdi we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda gaznanyň ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen çagalary goldamak babatda hakyky ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, öz gezeginde, ýurdumyzyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy uzak möhletli esasda mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady we 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Oguljahan Atabaýewanyň W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa, Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary, «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy Diana Gurskaýa, daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen geçiren duşuşyklarynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran sapary türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde oňyn başlangyç boldy.

22-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk binasynda alnyp barylýan abadanlaşdyryş we bezeg işleri bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň bu gözel künjeginiň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, alnyp barylýan işleriň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde ak mermerli Aşgabady halkara giňişlikde wasp etmek babatda maksatnamany taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşmek, wekilçilikli forumyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary derejesini üpjün etmek, myhmanhanalarda, dabaralaryň geçiriljek ýerlerinde aragatnaşyk we internet ulgamynyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, myhmanlara myhmansöýerlik däpleri esasynda hyzmatlary hödürlemek bilen baglanyşykly işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň hatarynda boldy. Şeýle hem mugallymlardan we talyplardan ybarat bolan meýletinçileriň, terjimeçileriň taýýarlyk derejesi, medeni maksatnamanyň baý many-mazmuna eýe bolmagy, dabaralaryň geçirilýän günlerinde sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagy, ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagy, tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary hem-de tennis boýunça ýaryş geçirildi. Şunda sportuň mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ähmiýetli gural bolup durýandygyny, onuň pugta ynama, erkinlige we şatlykly pursatlara giň ýol açýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasy, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garaldy. Mundan başga-da, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň nobatdaky maslahatynda seredilmäge hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşyň ähli ugurlaryny ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
24.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
24.11
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
24.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
24.11
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
24.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
22.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
22.11
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre
21.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow