Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
Hepdäniň wakalary
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
Çap edildi 08.12.2025
31

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýa netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Daşyndan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksport ugurly harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan toplumyň düzümine edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanylýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary girýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.

Täze döwrebaplaşdyrylan önümçilik toplumynyň umumy meýdany 375 gektara barabar bolup, şonuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365 gektardan gowrak ýer bolsa mallara ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin peýdalanylýar. Önümçiligiň dolandyrylyşy sanly tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Her bir malyň boýnunda çip bolup, onda malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki maglumatlar jemlenendir. Monitorlar arkaly mallaryň saklanylýan ýerine gözegçilik edilip, ulaglaryň hereketi hasaba alynýar hem-de önümçilik amallary dolandyrylýar.

Toplumyň esasy we kömekçi desgalaryny synlanyndan soňra, döwlet Baştutanymyz onuň ýolbaşçysyna täze tehnikalaryň, şol sanda «John Deere» kompaniýasynyň kuwwatly traktorlarynyň we kombaýnlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynda we Ýaponiýada öndürilen ýöriteleşdirilen ulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.

Täze önümçilik toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary görkezildi.

Maldarçylyk toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna baryp, bu ýerde Hytaýyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Şeýle hem 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň meseleleri hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işleriň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudak hökmünde oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk alyp barmak, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak hem-de geljek möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişine gözegçilik etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak, bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin zerur işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna baryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda bu toplumy ösdürmegiň meseleleri hem-de bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmelere, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn ylmy işlere, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze ekin görnüşlerini synagdan geçirmek, döwrebap tehniki gazanylanlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara, şeýle hem kazyýetleriň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. Hasabat döwründäki makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterim, söwdada 9,7 göterim görkeziji bilen has ýokary ösüş depgini hasaba alyndy. Gurluşyk pudagynda 8,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. 7 göterim bilen oba hojalyk pudagy, 1,7 göterim bilen senagat pudagy durnukly ösüşi görkezdi.

2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň bu baýramy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin, 2025-nji ýylyň 11-12-13-nji dekabry günlerini iş güni däl diýip yglan etdi we degişli Permana gol çekdi.

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen hem-de möhüm ähmiýetli wakalara beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň daşary syýasaty “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” esasynda durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny 2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda aýratyn belledi. Bu maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.

Ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy Ýer ýüzünde döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Döwlet Baştutanymyz geljek 2026-njy ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen kararnamalary öňe sürmek we durmuşa geçirmek bolup durýandygyny belledi. Şunda goňşy döwletler bilen, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem Hazarýaka sebitindäki döwletler bilen gatnaşyklary berkitmek ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk dowam etdiriler. Şeýle hem Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer.

Aziýadan Ýewropa üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoly» strategiýasyny amala aşyrmak boýunça degişli işler ýerine ýetiriler. Ýewropanyň ýurtlary bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, “ýaşyl” energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berler.

2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenilip geçiler, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VIII konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder, ýurdumyzda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana, «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Şol gün “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem ýokary çaphana usulynda, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eserde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.

Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden kitabynyň dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin gymmatly gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler.

Şol gün paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň bütin ömrüniň dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň Öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy. Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi Türkmenistanda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge, bilimleri we innowasiýalary özleşdirmäge gönükdirilen jemgyýetiň kemala getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç haty kabul edildi. Diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça maslahatlaşmalaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ata Watanymyz ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Soňky habarlar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
08.12
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
top-arrow