Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Hepdäniň wakalary
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 08.02.2026
37

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezdi. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion ösüşini üpjün etmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bugdaý ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, oba hojalyk meýdanlaryny pagta hem-de ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň hem hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny aýtdy we oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna öňdebaryjy tejribäni, döwrebap usullary, innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizlemek, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi.

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Ýaş atşynaslar bilen duşuşyk akademiýanyň ýapyk manežinde geçirildi. “At — myrat” okuw merkezi bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine degişli bolup, onda okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barylýar we her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär. Bu ýerde bilim alýan ýaşlar diňe bir çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim almak bilen çäklenmän, eýsem, milli hem-de dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis we rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda bilim alýarlar.

Gahryman Arkadagymyz okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Bu serişdeler okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen hem duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryny şu ýylyň ilkinji günlerinde sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy we olaryň ýokary ussatlygynyň ykrar edilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini, atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi we çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň topary milli atçylyk sungatynyň abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin 3 million manat bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we toparyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy. Garaşsyz atly bedew bolsa toparyň agzalaryna ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ol bedewe atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. Ynsan gylykly bedew aýaklary bilen gelşikli oýun edip, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny äşgär etdi.

Milli Liderimiz toparyň agzalaryny gazanan üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, toparyň her bir ýeňşiniň döwlet derejesinde sarpalanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi we olara milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.

Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen iş maslahatynda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler we geljek üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda alnyp barylýan işler, hususan-da, talyplaryň amaly sapaklary tejribede özleşdirmekleri ugrunda döredilen şertler, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek, atçylyk däplerini gorap saklamak we olaryň nesilden-nesle geçirilmegini üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän tagallalar hem-de halkara gatnaşyklary ýola goýmak işleri barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Topara Türkmenistanyň medeni mirasyny we sirk sungatyny wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň hem-de Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynyň wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Bu toparyň agzalary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolup gelýär. Olaryň arasynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn kubogy, Italiýada, Hytaýda, Russiýa Federasiýasynda geçirilen sirk sungaty boýunça halkara festiwallaryň ýokary derejeli baýraklary, köp sanly ýörite baýraklar, diplomlar, medallar we kuboklar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleriniň, olaryň dünýä nusgalyk çykyşlarynyň halkara giňişlikde giňden wasp edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň kämil neslini döretmek ugrunda edilýän tagallalary beýan edýän çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

6-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önüm 10 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmek tabşyryldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygy nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, binalardyr desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletde ulanmaga bermek üçin alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz söwda, dokma we telekeçilik pudaklarynyň işini ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä guramagy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, ýurdumyzda halkara çäreleri ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge möhüm ähmiýet bermek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük dolanyşygyny, üstaşyr hem-de halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňde durýan wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi.

Geçen hepdäniň wakalaryna synymyzy dowam etmek bilen, Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara futbol duşuşygyna sanlyja günleriň galandygyny bellemek gerek. Aziýa sebitinde iň iri diýlip ykrar edilen, 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda boljak bu oýun uly gyzyklanma döredýär. Janköýerler AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary bilen döredilen «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşykda boljak ýiti pursatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Bu şanly wakanyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylarynyň arzuwy hasyl boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen olar Olimpiýa şäherçesine baryp gördüler. Ol ýerde ýaş türgenler özleriniň halypalary bolan futbolçylaryň jogapkärli duşuşyga taýýarlanyş pursatlaryna syn etdiler. Şeýle-de ýaş türgenler Olimpiýa şäherçesiniň muzeýine baryp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen 21 sport görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikler barada maglumatlar bilen tanyşdylar. Oýunlaryň esasy nyşany hökmünde türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyran alabaýyň keşbi çykyş etdi. Sporta höwesi bilen tapawutlanýan we batyr goragçy hökmünde tanalýan bu wepaly dost sanlyja günden geçiriljek halkara futbol duşuşygynyň hem nyşany hökmünde saýlanyp alyndy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan köptaraplaýyn işleriň netijeliligini aýdyň görkezdi. Bu işler diňe bir Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna däl, eýsem, baý medeni-ruhy hazynamyzyň hem-de milli mirasymyzyň has-da baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şol gymmatly mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde ýeňşe bolan egsilmez erki özünde jemleýän ahalteke bedewi we edermen alabaý aýratyn orun eýeleýär.

Soňky habarlar
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
07.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
06.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
05.02
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
04.02
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
04.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy
top-arrow