Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň senagat ulgamy önümçilik görkezijilerini artdyrýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň senagat ulgamy önümçilik görkezijilerini artdyrýar
Çap edildi 07.02.2017
2567

Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion taýdan ösüşe, milli ykdasadyýetiň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä bazarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýokary hilli eksporta niýetlenilen önümleriň hem-de daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän harytlaryň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Muňa ýylyň tamamlanan ilkinji aýynyň görkezijileri-de şaýatlyk edýär. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň kärhanalary tarapyndan önümçilik meýilnamasy 127,5 göterim, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan meýilnama 113,8 göterim berjaý edilip, 5,4 göterim ösüş gazanyldy (2016-njy ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende). “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 102,8 göterim bolup, ösüş 2,8 göterime ýetdi. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürilişiniň meýilnamasy109,2 göterim berjaý edildi. Balyk hojalygy Döwlet komiteti boýunça önümçiligiň görkezijileri 4,7 göterim ýokarlandy.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow