Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň bölek haryt dolanyşygy 17 göterim ýokarlandy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň bölek haryt dolanyşygy 17 göterim ýokarlandy
Çap edildi 07.02.2017
1833

Ýanwar aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 17 göterime golaý artdy. Şunda bellenilen çäklerde sarp ediş harytlarynyň hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň bahalary saklandy. Ýurdumyzdaky haryt dolanyşygynyň artýan möçberleri ilatyň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. 2016-njy ýylyň jemleri boýunça hyzmat ediş ulgamlarynda jemi içerki önümiň goşulan bahasynyň iň ýokary ösüş depgini söwda ulgamynda – 14 göterimden gowrak hasaba alyndy. 2016-njy ýylda, ozal hem bolşy ýaly, söwda pudagy durnukly ösüş depginlerini saklap, baş wezipäni ýerine ýetirdi – önümçiligiň ösmegine uly täsir edip, ilatyň harytlaryň gir görnüşlerine we hyzmatlara bolan islegini üpjün etdi. 2016-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň düzüminde söwdanyň paýy 10 göterimden gowrak boldy (2015-nji ýylda 8 göterimden gowrak). Umuman, ýurdumyzyň sarp ediş toplumynda geçen ýyl 1,2 milliarddan gowrak manat özleşdirildi. Munuň özi ýyllyk meýilamadan 7 esse köpdür. Şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça iki esse köp. Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl söwdanyň döwlete degişli ulgamynda bölek haryt dolanyşygynyň ösüşi 10,6 göterime, döwlete degişli däl ulgamda bolsa 17,5 göterime deň boldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2016-njy ýylda lomaý görnüşini hem goşmak bilen umumy söwda dolanyşygy 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow