Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy milli azyk howpsuzlygynyň kepili bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler oba hojalyk toplumyny ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudagyna öwürmäge ýardam berýär. Bu gün bu pudak halkymyzyň daýhançylyk däpleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen utgaşýan innowasiýalar meýdançasydyr.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak pudagyň strategik wezipesi bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli berjaý etmek üçin döwletimiz tarapyndan oba hojalyk önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Şeýle çemeleşme içerki bazary doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa gök önümleri eksport etmäge hem mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz oba hojalygynda giň möçberli özgertmeleriň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu gün Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy ählumumy azyk ulgamyna ynamly goşulyşýar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýaly iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň innowasiýalara açykdygyny we tejribeleri paýlaşmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Täze taryhy döwürde tohumçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugur oba hojalyk toplumynda tehnologik garaşsyzlygyň binýady bolup durýar. «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle hem halkara tejribä esaslanyp, tohumçylyk işine uly ähmiýet berilýändigini nygtamak gerek. Seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda dowam etdirilýän ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň, hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Diýarymyzda tohumlaryň sebitleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşlerini döretmek boýunça ylmy-barlag institutlarynyň we ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklarynyň tutuş ulgamy kemala getirildi. Türkmen seçgiçileri gowaçanyň hem-de bugdaýyň ýokary hasylly, kesellere durnukly naýbaşy tohumlaryny döretmek ugrunda üstünlikli işi alyp barýarlar.
Soňky döwürde ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Bu gurama bilen bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, şol sanda pudagyň işini düýpli döwrebaplaşdyrmakda, onuň kuwwatlyklaryny sazlaşykly herekete getirmekde, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadyny täzelemekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ylmyň gazananlary bilen ösdürmekde, önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamakda baý tejribe toplandy. Netijede, Watanymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Türkmen ekerançylary her ýyl bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň kuwwaty barha artýar. FAO-nyň Baş direktory Suý Dunýuýyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bu guramanyň Türkmenistanda wekilhanasyny döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Bu çözgüt hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryp, milli taslamalara hemişelik tehniki goldawy üpjün eder.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan goldamak işine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi, Oba hojalyk ministrliginiň guramaçylyk düzümi döwrebaplaşdyryldy. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylary mundan beýläk-de yhlasly, netijeli işlemäge ruhlandyrdy. Bugdaý ýurdumyzda azyk garaşsyzlygyny üpjün edýän strategik ekindir. Geçen ýyl daýhanlar döwlet harmanyna 1,4 million tonnadan gowrak galla tabşyrdylar. Munuň şeýle bolmagyna köp babatda bugdaý tohumynyň ýokary hilli bolmagy ýardam berýär. Bugdaýyň türkmen hünärmenleriniň döreden «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze görnüşleri ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyllylyk görkezip, çörek önümleri senagaty üçin berk çig mal binýadyny döredýär.
Häzirki zaman şertlerinde oba hojalygynyň durnukly ösüşi gönüden-göni ekologik ýagdaýlara baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ugurdaş işler amala aşyrylýar. Şunda ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda halkara tagallalary goldaýan döwletimiz geljek üçin mümkinçilikleri hasaba alyp, öňde goýlan wezipeleriň deňeçer çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan başlangyçly orny eýeleýär. Şu ýylyň fewralynda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde FAO bilen hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň ugry boýunça täze taslamalaryň dördüsini durmuşa geçirmek üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berlendigi habar berildi. Bu başlangyçlar oba hojalygynda sanly özgertmeleri amala aşyrmaga, pudagyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gowaça tohumynyň seçgiçiliginde hem oňyn netijeler gazanylýar. Pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi ýurdumyzyň dokma senagatyny ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Seçgiçiligiň häzirki zaman usullary ýokary hasylly görnüşleri döretmek işini tizleşdirýär. Bu bolsa dokma senagatyny ösdürmäge gönüden-göni täsir edýär. Şunuň bilen birlikde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda “John Deere”, “CLAAS” ýaly dünýä belli kompaniýalaryň kombaýnlary we traktorlary netijeli peýdalanylýar. Emeli hemra nawigasiýa, GPS ulgamlarynyň ulanylmagy takyk ekerançylyk ýörelgelerini ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmaga şert döredýär.
Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan FAO bilen bilelikde, Amyderýanyň we Garagum derýasynyň suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär. Meýdanlarda damjalaýyn suwarmak ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suw serişdelerini 40 göterime çenli tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Suwaryş ulgamlarynyň abatlanylmagy, täze suw howdanlarynyň gurulmagy alysdaky meýdanlary hem suw bilen üpjün etmäge ýardam berýär.
Ýyladyşhana hojalyklary häzirki wagtda Türkmenistanyň eksportynda aýratyn orny eýeleýär. Bu gün türkmen gök-bakja önümleri GDA-nyň we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň, beýleki döwletleriň bazarlarynda giňden tanalýan haryda öwrüldi. Gidroponikanyň, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamynyň binýadynda işleýän döwrebap ýyladyşhana toplumlary tutuş ýylyň dowamynda hasyl ýygnamaga mümkinçilik berýär. Döwletimiziň bu ugra gönükdirýän maýa goýumlary esasynda türkmen telekeçileri eksport görkezijilerini birnäçe esse artdyrdylar.
Oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygy onuň düýbünden täze ykdysady şertlerde — telekeçilik başlangyçlarynyň giň gerime eýe bolýan wagtynda alnyp barylýandygy bilen baglydyr. Ýurdumyzda oba hojalyk toplumyny ösdürmek babatda iri möçberli işlere ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Telekeçilik işini goldamak we höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde oba ýerlerinde halkymyzyň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçiligiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda piläniň möçberiniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gymmatly çig mal bilen doly üpjün edilmegi, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Maldarçylyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. FAO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalyk mallaryny identifikasiýa etmegiň 2027-nji ýyla çenli döwür üçin milli ulgamy ornaşdyrylýar. Iri maldarçylyk hojalyklarynyň döredilmegi, iým önümçiliginiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Soňky ýyllarda gurlan döwrebap et-süýt toplumlary ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün edýär.
Mineral dökünleriň netijeli peýdalanylmagy oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň kuwwatly himiýa senagaty ekerançylary karbamid, fosfor, kaliý dökünleri bilen doly üpjün edýär. Önümçiligiň şeýle ýapyk aýlawly ulgamy oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almaga, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan garaşlylygy peseltmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmagyň çäklerinde elektron ýer kadastrlaryny, uzak aralykdan ekinleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek ulgamlaryny döretmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. FAO bilen bilelikde, D33 tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ekinlere gözegçilik etmek boýunça durmuşa geçirilýän taslama agronomlara goşmaça suwaryş ýa-da iýmitlendiriş talap edýän meýdan böleklerini dessin ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, hasylyň ýitgi töwekgelçiligini peseldýär.
Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň önümçilik bilen ýakyn hyzmatdaşlygy esasynda pudagyň ylmy binýady pugtalandyrylýar. Ýaş hünärmenler ýurdumyzyň öňdebaryjy hojalyklarynda okuw tejribeligini geçip, biotehnologik prosesleri dolandyrmagyň inçe tärlerini özleşdirýärler. Hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy arkaly ýokary tehnologiýaly pudaga öwrülen oba hojalygynyň geljegine maýa goýum bolup durýar.
Oba hojalygynyň eksport mümkinçilikleri diňe bir gök-bakja önümleri bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda ýurdumyz gawundyr garpyzyň, miweleriň eksportyny işjeň ösdürýär. Türkmen gawunlarynyň özboluşly tagamy daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir. Ýeralma, sogan üçin tohum gaznalaryny döretmek arkaly gök-bakja ekinleriniň tohumçylygy ösdürilýär.
Ýer gatnaşyklary ulgamynda döwlet syýasaty uzak möhletleýin kärendeçiligi we daýhan birleşikleriniň döredilmegini höweslendirýär. Munuň özi ekerançylarda topraga has aýawly çemeleşmäge, onuň hasyl berijiligini gorap saklamaga şahsy gyzyklanmany artdyrýar. FAO-nyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň howandarlygynda durmuşa geçirilýän taslamalaryň netijesinde topragy durnukly dolandyrmak tejribeleriniň ornaşdyrylmagy şorlaşan ýerleri gaýtadan dikeltmäge, olary oba hojalyk dolanyşygyna girizmäge ýardam berýär.
Täze taryhy eýýamda türkmen obalarynyň keşbi hem düýpgöter özgerdi. Giň zolakly internet, döwrebap mekdeplerdir saglyk öýleri ýaly şäher infrastrukturaly obalar bu gün gözüňi dokundyrýar. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir.
Oba hojalyk önümleriniň ekologik taýdan howpsuzlygyna uly üns berilýär. FAO-nyň sebit taslamalarynyň çäklerinde ösümlikleri goramagyň biologik usullarynyň ulanylmagy, däneli ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreş çäreleriniň geçirilmegi ekologik taýdan arassa önümleri almaga mümkinçilik berýär we ýurdumyzyň oba hojalyk önümleri üçin daşary ýurt bazarlaryna ýol açýar. Oba hojalyk toplumyna “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy “Bitewi saglyk” konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapýar. Konsepsiýa daşky gurşawyň, haýwanat dünýäsiniň, adamlaryň oňaýly saglyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilen çemeleşmeleri özünde jemleýär. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme sarp edijiler üçin azyk önümleriniň howpsuzlygyny kepillendirýär hem-de halkara güwänamalar bilen tassyklanylýar.
Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk toplumyna gönükdirilýän maýa goýumlara adam maýasyna uzak möhletleýin maýa goýum hökmünde garalýar. Sagdyn iýmitlenmek halkymyzyň sagdyn durmuşynyň kepilidir. Bu babatda oba hojalygy ýokary ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirip, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň geljegi agrotehnologiýa parklarynyň ösdürilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu merkezler arkaly seçgiçilik ylmynyň, inženerçilik pikiriniň iň soňky gazananlary önümçilige ornaşdyrylar. Munuň özi ýurdumyza diňe bir önümleri däl, eýsem, tehnologiýalary hem eksport edýän öňdebaryjy döwletleriň hataryna girmäge mümkinçilik berer.
Umuman, Türkmenistanda oba hojalygynyň diňe bir ykdysadyýetiň pudagy bolman, eýsem, azyk bolçulygynyň binýadydygyny hem bellemek gerek. Türkmen daýhanlarynyň zähmeti merdana pederlerimiziň öňünde mukaddes borç we geljek nesillere mirasdyr. Innowasiýalar ýoly parahatçylygyň hem-de döredijiligiň esasynda ýurdumyzy abadançylygyň täze sepgitlerine tarap alyp barýar.