Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
Hepdäniň wakalary
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
Çap edildi 16.06.2026
29

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Zähmetsöýer gallaçylaryň ýetişdiren galla hasylyny bellenen möhletlerde, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek hakynda Karara gol çekdi.

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Robert Floýd ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Türkmenistan bu Şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çekdi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hemişe ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Taraplar Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Ýurdumyz Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm Şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär.

Ýurdumyza amala aşyran saparynyň dowamynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bu Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşdy.

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada teklip hödürlenildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny has-da döwrebaplaşdyrmak, senagat we gurluşyk pudagyny, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek, dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyply görnüşleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň dünýäniň ylmy giňişligine işjeň goşulyşmagy, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek babatda anyk meýilnamalar barada aýdyldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýunda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Bellenilişi ýaly, Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.

Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Ýokary derejeli özara döwlet, resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.

Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparynyň netijeleri iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy, “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy. Gol çekilen resminamalara laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri öz serişdeleriniň hasabyna degişli hytaý kompaniýalary bilen garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat, oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada şertnama baglaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli halkymyzy ýurdumyzda her ýyl 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda doktorlyk we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda we ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işlerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň gumanitar we ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmäge, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi bilen ýurdumyzyň alymlarynyň 31-sine ylmy derejeler, hususan-da, olaryň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi. Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si, ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan halkara maslahata türkmen alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň birnäçe döwletleriniň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Müsüriň, Italiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ylmyň, bilimiň we innowasiýalaryň giň ugurlary, şol sanda energetika, nanotehnologiýalar, ekologiýa, sanly ykdysadyýet, döwrebap lukmançylyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm nazary hem-de amaly meseleleri öz beýanyny tapdy.

Halkara maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular. Bäsleşikde bilermenler toparynyň garamagyna häzirki zaman ylmynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan alty ugur boýunça ylmy işläp taýýarlamalaryň we barlaglaryň 1 müň 500-den gowragy hödürlenildi. Olar, hususan-da, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat hem-de aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlary öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 170-si ýeňijiler hökmünde saýlanyp alyndy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan olara dabaraly ýagdaýda şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Mejlisde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreden ynanç hatynyň kabul edilendigini görkezmek bolar. Diplomat Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary Türkmenistanda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsümine girişdiler. Galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, ýokary öndürijilikli tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Möwsümde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar bilen üpjün ederler. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara, elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi. Mejlise gatnaşyjylar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, ekologiýa taslamalary we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk, ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar, şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy, ylym, medeniýet, bilim ulgamlary boýunça özara gatnaşyklar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Däp bolşy ýaly, iýun aýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň we ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlamak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda olara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy. Ýaş serkerdeler harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.

Şeýlelikde, baý wakalara beslenen geçen hepde hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik we döredijilikli syýasatynyň maksada okgunly häsiýetini nobatdaky gezek subut etdi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow