Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Çap edildi 23.06.2026
25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz 17-nji iýunda Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda kärendeçiniň haýyşy boýunça galla oragyna ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz bilen söhbetdeşlikde kärendeçi 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynda öndürijilikli zähmet çekmek, bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Şunda daýhanlar döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýokary hilli tohumlar hem-de dökünler bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady we kärendeçä sowgatlary gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň, miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, bugdaýyň şu ýylky hasylyndan taýýarlanylan çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.

Ýurdumyzda dowam edýän galla oragynyň barşy baradaky hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Geçen hepdede ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna daýhanlaryň mynasyp zähmet sowgady boldy. Galla oragy güýçli depginde dowam edýär, hasyl kabul ediş nokatlary bolsa gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz iş alyp barýar.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda 17-18-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu görnüşde geçirilen ilkinji duşuşyk taryhy ähmiýete eýe bolup, onuň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy boýunça çäreleri utgaşdyrmak, nebitgaz pudagyny enjamlar bilen üpjün etmek, ulag-logistika edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, oba hojalygyna ýokary netijeli usullary ornaşdyrmak, talyp alyşmalaryny giňeltmek, hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmak, sanly lukmançylyk we telelukmançylyk, biodürlüligi goramak, gidrometeorologiýa babatda tejribeleri öwrenmek ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalar beýan edildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar halkara giňişlikde hem-de iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny nygtap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksat edinilýändigi aýdyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlary kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Nebitgaz pudagynda giň möçberli, uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminama taýýarlanyldy. Olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işler başlanar. Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen baglylykda, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň göz öňünde tutulýandygy nygtaldy.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz plenar mejlisde çykyş edip, Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen 30 ýylyň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanar, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlyk mundan beýläk-de ösdüriler. Iki tarap hem nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek, hil taýdan ösdürmek üçin zerur bolan syýasy, hukuk, guramaçylyk we beýleki mümkinçilikleri döreder.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünliklerini görkezýän giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.

19-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenleri ýatlap sadaka berdi hem-de ýygnananlar bilen bilelikde agşam namazyny okady.

Gahryman Arkadagymyzyň din wekilleri we ýaşulular bilen bilelikde gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowar geçirildi.

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa din işgärleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalar geňeşiniň ýygnagynyň kararyna laýyklykda, dindarlaryň birnäçesi degişli wezipelere bellenildi. Bu çözgütler geçen hepdede döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen hem tassyklanyldy.

Maslahata gatnaşan ýaşulular Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde gurulýan nurana metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky teklibi biragyzdan goldadylar. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt hajy Arkadagymyzyň täze şäheriň döwrebap derejede gurulmagy ugrunda edýän tagallasynyň, halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň nazara alynmagy bilen kabul edildi.

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurduň yzygiderli innowasion ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipler hödürlenildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça zerur çäreler bar.

Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde ýokary hilli duzuň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň önümçiligini kämilleşdirmek, demir ýollaryň üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça anyk meýilnamalar beýan edildi.

Şu ýylyň iýul aýynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda beýan edilen teklipleri makullap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany we şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Geçen hepde döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän Karara hem gol çekdi.

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna we özbek wekiliýetine mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda geçiriljek netijeli pikir alyşmalaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Energetika, ulag, oba hojalygy, söwda ulgamlary, iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hökümetara toparyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagy özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berdi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisiniň dowamynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi, bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu syýasatyň esasy maksady halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyklykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Soňky habarlar
23.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
23.06
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
23.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
top-arrow