Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
Çap edildi 30.06.2026
33

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi, jemgyýetiň intellektual we döredijilik kuwwatynyň artdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

22-23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda döwlet saparynda boldy. «Zagulba» köşgünde döwlet Baştutanymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriň bardygy, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy aýdyldy. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygy bellenildi. Ony mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa, dokma senagatynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda medeni-ynsanperwer ugruň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň sowgat berilmegi hem-de onuň degişli şahadatnamasynyň gowşurylmagy saparyň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna, hususan-da, ykdysadyýet ulgamynda, energetika pudagynda, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy, maliýe, oba hojalygy, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, sport ugurlarynda özara düşünişmek hakynda resminamalara gol çekildi. Şeýle-de senagat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2026 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama we başga-da birnäçe resminama gol çekildi.

Dabaraly ýagdaýda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna hem-de azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň Hormat meýdançasyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlarynyň, görnükli döwlet, syýasy işgäri Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligini hatyralap, gül desselerini goýdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Saparyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen bilelikde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Döwlet Baştutanlary Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Azerbaýjana sowgat hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýän metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdylar. Şuşa şäherinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany täze ýaşaýyş jaý toplumyny, bu ýerde gurulýan metjidi synladylar, azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewe bagyşlanan ýörite sergä, şäheriň taryhy-medeni desgalaryna hem-de häzirki zaman azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.

Döwlet Baştutanlary gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň geçirilýän meýdançasy hasaplanýan Jydyr düzüne bardylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimize belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berer.

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyzyň Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady, senagat, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýady goýdy. Mundan başga-da, medeniýet, ylym-bilim, sport ugurlaryndaky däp bolan gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek maksady bilen, iki gaznanyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda “Ene — tebigat” atly halkara sergini geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işleýän täze önümçiligi işe girizmek, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek, awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak meseleleri bar.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza amala aşyrjak saparyna görülýän taýýarlyk işleri mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, bu bankyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçirilen iş duşuşygynyň dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de ony ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Geçen hepdede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa daşary ýurtly diplomatlar we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen geçirilen duşuşykda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeleri we Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmekde bilelikdäki tagallalar bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi bellenildi. Narine Saakýan gaznanyň alyp barýan işine, çagalaryň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ynsanperwer ulgamda, ilkinji nobatda, çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geçen ýylyň awgustynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran saparynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Saparyň çäklerinde Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar çagalaryň saglygyny goramagyň bähbidine hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen geçirilen duşuşygyň barşynda ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Diplomat Palestinanyň halkyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşyklar tamamlanandan soňra, gaznanyň ştab-kwartirasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň arasynda Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek, onuň çäginde sport we bedenterbiýe toplumyny, 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak barada Şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasynda yzygiderli ilerledilýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam edýändigini nygtadylar. Şeýle-de bu saparyň dowamynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň, möhüm ähmiýetli resminamalar toplumyna gol çekilmeginiň hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrülendigi bellenildi.

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyrynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda beýik söz ussadynyň ýadygärligine hormatly Prezidentimiziň adyndan gül çemeni goýuldy. Bu çäreler Balkan welaýatynda guralan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirildi.

Döredijilik forumy Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň, ýaş zehinleriň gatnaşmagyndaky konsertlere, tans-folklor, maşgala aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna baý boldy. Milli medeniýetimiziň köpöwüşginli häsiýeti şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, golýazmalaryň, saz gurallarynyň, neşir önümleriniň gymmatlyklary jemlenen sergilerde öz beýanyny tapdy.

Giň gerimli gözden geçirilişiň maksatnamasyna muzeý hünärmenleriniň hem-de kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahat, döredijilik duşuşyklary, edebiýat agşamlary, opera we teatr oýunlarynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmleriň görkezilişleri hem girizildi. “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet”, ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda guralan “Şadyýan şahandazlar” atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ägirt uly ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň, halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
30.06
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
30.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow