Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
Çap edildi 09.08.2026
23

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döredijilik we ösüş syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş strategiýasynyň esasy maksady jemgyýetiň intellektual hem-de ruhy mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler, iri halkara guramalar, abraýly sebit düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam berýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Bu sapara Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde taýýarlaýan hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň esasynda işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýdyp, Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi we bu ugurda degişli işleri dowam etdirmek, halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň geljekde-de dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ugrunda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Arkadagly Gahryman Serdarymyz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz, ygtybarly iberilmegini üpjün etmegi, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmegi, ulag mümkinçiliklerini doly ulanmagy, daşky gurşawy goramagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezdi.

Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyna üns çekilip, ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi, bu babatda şweýsar tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi.

Inýasio Kassis, öz gezeginde, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny nygtady hem-de Şweýsariýanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatyna ýokary baha berilýär. Bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladadyr. 5-nji awgustda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatynyň geçirilmegi munuň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýaly strategik ähmiýetli ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar. Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilen işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär.

Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Häzirki wagtda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar. Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen hem-de ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde iş alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyrylýar, hassahanalaryň, ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary, zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.

ÝUNISEF bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, olaryň irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa, çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak, çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, lukmançylyk işgärleriniň hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Milli «tegelek stol» maslahatyna gatnaşan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wan we ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bu halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Gaznanyň wise-prezidenti, öz gezeginde, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýan bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, 1 — 7-nji awgust aralygynda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmak möhümdir.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde enelerdir çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär. “Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Türkmenistanda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň arasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesi boýunça yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetini wagyz etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli “tegelek stol” maslahatyna gatnaşyjylar çagalaryň röwşen geljegi ugrunda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelge adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip kanun taýdan yglan eden Türkmenistanyň saglygy goraýyş syýasatynyň binýadynda durandyr. Ilatyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. 7-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy we onuň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp gözelliklerini synlady.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň, şol sanda sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny subut edýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan, her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Milli Liderimiziň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Bularyň ählisi ýurdumyzda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry hökmünde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler onuň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri, saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde amatly dynç almak babatda ähli zerur şertler döredildi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hazaryň kenarynda döredilen tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda zerur şertleri özünde jemleýär. Munuň özi Diýarymyzda ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, işjeňligi ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerine yzygiderli ýetýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu maksatlar ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow