Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Beýik geljegi nazarlaýan Watanymyzyň ynamly gadamlary
Jemgyýet
Beýik geljegi nazarlaýan Watanymyzyň ynamly gadamlary
Çap edildi 29.08.2026
23

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat boldy. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň guramaçylygyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň güwäsidir.

Maslahata gatnaşyjylar ilki Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Şanly senäniň we iri halkara çäreleriň hormatyna guralan sergide häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň tapgyrlary, dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orny eýeleýän ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Milli şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri behişdi bedewlere ählihalk söýgüsini aýdyň şöhlelendirdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler, şol sanda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylygy bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň gün tertibiniň özenini düzdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şunda ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, şanly senelere bagyşlanyp guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine uly ähmiýet berilýär. Syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň dünýädäki abraýy barha belende galýar. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, pudaklaryň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda belleýşi ýaly, biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyz durandyr. Şonsuz biziň öňe gitmegimiz mümkin bolmazdy. Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Çykyşlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamagyň, şu mynasybetli giň möçberli milli we halkara çäreleri guramagyň asylly däbe öwrülendigi nygtaldy. Şunda möhüm senä bagyşlanan halkara çäreleri ýaýbaňlandyrmak we onuň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek meselesi döwletimiziň üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri baýramçylyk çäreleriniň täsirli pursatlara baý bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalary edýärler. Şoňa görä, çärä gatnaşan medeniýet, döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň: “Iň beýik söýgi Watana bolan söýgüdir. Watana bolan söýgi bolsa biziň her birimiziň ene-atamyza, maşgala ojagymyza, saýlap alan hünärimize bolan söýgimizden, kämillige bolan hyjuwymyzdan gözbaş alýandyr” diýen sözlerinden ruhlanyp, kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň agzalarynyň bilelikdäki sazlaşykly hereketleri esasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende göterilmegi ugrundaky tagallalar oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, ganatly bedewler atçylyk we atly sport ugurlary boýunça geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşdyrylýar. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň «At — myrat» diýen pähiminiň durmuş hakykatyna öwrülýändigini görkezýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli göz öňünde tutulýan çärelerde milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän toý dessurlaryny ýaýbaňlandyrmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Şunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulýan ak öýlerde, olaryň daş-töwereklerinde halkymyzyň toý dessurlary görkeziler. Çykyşlarda atçylyk toplumynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda türkmen milli toý dessurlary bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, olary giňden wagyz etmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan etmegiň medeniýet toplumynyň işgärleriniň paýyna düşýändigi bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryny we hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini, berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirip, bildirilen ynamy ödemekde olara uly üstünlikler arzuw edildi.

Sentýabr aýynyň başynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi, oňa ýurdumyzyň atly toparlarynyň gatnaşdyrylmagy beýik ösüşleri nazarlaýan Watanymyzyň täze taryhyna şanly sahypa bolup ýazylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
29.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.08
Beýik geljegi nazarlaýan Watanymyzyň ynamly gadamlary
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
top-arrow