Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
Teswirlemeler
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
Çap edildi 03.09.2026
13

Mälim bolşy ýaly, şu günler bütin dünýäde telekeçiligiň hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, maýa goýum strategiýasynyň işjeňleşdirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi diňe bir durmuş-ykdysady ösüşe serişdeleriň çekilmegini däl, eýsem, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny hem göz öňünde tutýar. Şunda amatly maýa goýum gurşawyny döretmek, düýpli maýa goýum çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna iri taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleri hökmünde çykyş edýär. Şundan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Hökümeti öz hasabyndaky we daşary ýurt maýa goýumlaryny nebitgaz, himiýa, gaýtadan işleýän we dokma pudaklaryny, gurluşyk-senagat toplumyny, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmäge gönükdirýär. Şunuň bilen birlikde, awtomobil we demir ýollaryny, howa menzillerini gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga, oba hojalyk toplumyny özgertmäge, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge uly möçberde düýpli maýa goýumlar goýulýar.

Maýa goýum syýasatynyň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 35 ýyllygy giňden bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgini gazanyldy. Muňa esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň soňky ýyllaryň dowamynda 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda kuwwatly maýa goýum mümkinçiligine eýe bolan netijeli ykdysady ulgam döredildi. Munuň özi dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ählumumy häsiýete eýe bolan şertlerinde aýratyn möhümdir. Bu ugurda görlen çäreler Garaşsyzlyk ýyllarynda maýa goýumlaryň möçberleriniň ep-esli artmagyna ýardam etdi. Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlara görä, diňe 2025-nji ýylda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 6 göterim artdy. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimize jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyna yzygiderli eýermek bilen, öz içerki serişdelerine goşmaça hökmünde göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny artdyrmaga çalyşýar. Bu bolsa daşary ýurt işewürligi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Olar maýa goýumlary goramagyň döwlet kepilliklerini, dürli salgyt ýeňilliklerini öz içine alýar. Türkmenistanyň çäginde bu ugurdaky işleriň hukuk, ykdysady we durmuş şertleri «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Daşary ýurt konsessiýalary hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenildi.

Milli maýa goýum strategiýasynyň dowamlylygy we yzygiderliligi, ýurdumyzyň ägirt uly serişde mümkinçiligini hem-de geostrategiýa taýdan ýerleşişini has netijeli ulanmaga çemeleşmesi bilen tapawutlanýandygyny bellemek möhümdir. Mundan başga-da, ol çeýeligi, hyzmatdaşlyk çäklerini giňeltmekde ählumumy hem-de häzirki zamanyň täze meýillerini nazara alýandygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gatnaşyklara taýýardygy we açykdygy bilen häsiýetlendirilýär.

Türkmenistan öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda Hytaý, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe Respublikasy, Eýran, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri ýaly esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlary hem-de maýadarlar bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary we Hökümet Baştutanlary bilen ýokary derejede geçirýän gepleşikleriniň hem-de duşuşyklarynyň dowamynda maýa goýum dialogynyň ösdürilmegi döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenilýär. Bu ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýarlar. Daşary ýurtlaryň işewürlik düzümleriniň gatnaşmagynda eýýäm köp sanly ykdysady taslamalar durmuşa geçirildi we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, şeýle hem iri milli we halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak babatda özara mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertler bar.

Şunuň bilen baglylykda, iri transmilli taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ähmiýeti we maýa goýum babatda özüne çekijiligi hakynda aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda bu taslamanyň ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyna daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ünsüni çekýärler. Mundan başga-da, innowasion we ylma ýöriteleşen önümçilikleri ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny hem-de tehnologiýalaryny çekmekde ýurdumyzyň ägirt uly geljeginiň bardygy, şeýle hem elektroenergetika, sanly we logistika hyzmatlary, bilim we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlarda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenilýär.

Maýa goýumlar energetika, ulag we söwda bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2025-nji ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn» diýip belläp geçmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmäge, maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrmak bilen, döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigine harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Syny dowam etmek bilen, döwlet häkimiýet edaralarynyň, telekeçiligiň we işewür toparlaryň wekilleriniň özara gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, innowasion pikirleri, taslamalary we teklipleri tanyşdyrmak, gatnaşyjy döwletleriň kärhanalarynyň, guramalarynyň, kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin pikir alyşma meýdançasy bolup hyzmat edýän dürli maslahatlara, ilkinji nobatda, maýa goýum forumlaryna uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, gaznalarynyň iri maýa goýumlaryny milli ykdysadyýete çekmekde we daşary ykdysady işi netijeli amala aşyrmakda şeýle çäreler möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde geçirilen «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly işewürlik maslahaty bellenilmäge mynasypdyr. Milli ykdysadyýeti halkara standartlara uýgunlaşdyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmek we ählumumy söwda giňişligine goşulyşmak ýaly mowzuklar forumda gyzyklanma bildirilip pikir alşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly meselä hem aýratyn üns berildi. Munuň özi senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we ýokary hilli önümçiligi artdyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt maýa goýumlaryny hem-de ýokary tehnologiýalary çekmek üçin täze mümkinçilikleri açmaga gönükdirilendir. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine ykdysady seljermesini beýan eden halkara guramalaryň bilermenleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň diňe bir durnukly ykdysady ösüş depginini görkezmän, eýsem, halkara giňişlikde hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Forumyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar bolsa ýurdumyzyň sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge we anyk maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-nji iýulynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno Bassonyň ýurdumyza amala aşyran saparynyň dowamynda bu iri maliýe düzümi bilen Türkmenistanyň dürli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň ähmiýetini bellemek gerek.

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda yzygiderli geçirýän maýa goýum forumlary hem bu ugurda anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Daşary ýurtlarda guralýan şeýle çäreler halkara işewürler bileleşiginiň ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryna iri maliýe serişdelerini gönükdirmegiň mümkinçilikleri baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum (TEIF 2025) geçen ýylda guralan şeýle iri çäreleriň biri boldy. «Türkmenistanyň energetika geljegine maýa goýum» diýen mowzukda, «Maýa goýumlary birleşdirýän energiýa» atly şygar astynda geçirilen forum ählumumy maýa goýum dialogy hem-de halkara energetika hyzmatdaşlygy çygrynda bu wakanyň ähmiýetini aýdyň görkezdi.

Energetika, tebigy serişdeler, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, infrastruktura, maliýe, senagat ösüşi ýaly strategik taýdan möhüm pudaklarda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny tanyşdyrmakda esasy meýdança bolan TEIF 2025 Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlary we halkara işewür toparlar üçin ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň ýurdumyzyň we sebitiň bähbitlerine ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmäge, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli döwlet maksatnamalaryny, iri taslamalary amala aşyrýandygy bellenildi. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gerimini giňeltmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen bu halkara forumda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň wekilleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny alyp barmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, täze bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin ähli şertler döredildi. Onuň möhüm netijeleriniň biri-de forumyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän bäş deňiz guýusynda gözleg işlerini geçirmegi göz öňünde tutýan özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Blok I» boýunça «PETRONAS», «XRG Energy» we «Hazarnebit» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ylalaşyga gol çekildi. Bu bolsa TEIF-iň işewürlik pikir alyşmalaryndan gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge çenli üpjün ediji netijeli maýa goýum meýdançasy hökmündäki ornuny tassyklaýar.

2026-njy ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum hem Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde döwleti, işewürligi hem-de halkara hyzmatdaşlary birleşdirýän strategik taýdan netijeli meýdança öwrüldi. Forumyň gün tertibi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, telekeçilik pudagyny kämilleşdirmek, oba hojalyk we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, infrastruktura we ulag ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, sanly özgertmeler ýaly meseleleri öz içine aldy.

Degişli mowzuklar boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýokarda agzalan ugurlaryň uzak möhletleýin we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredip, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de durnukly ösüşiň binýadyny emele getirýändigi bellenildi. Daşary ýurtly maýadarlar we kompaniýalar diňe bir hereket edýän kanunçylyk we institusional gurşaw bilen tanyşmaga däl, eýsem, bilelikdäki, şol sanda sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga hem mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň nobatdaky maýa goýum forumy (TIF — 2026) hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Forumy 1-2-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirmek meýilleşdirilýär. «Turkmen Congress» kompaniýasynyň ýakyndan ýardam bermeginde ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi onuň guramaçylary bolup çykyş ederler.

Geçiriljek çärä berilýän ünsi nazara almak bilen, 24-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde oňa taýýarlyk görmegiň meselelerine garaldy. Habar berlişi ýaly, TIF — 2026-nyň gün tertibine Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat we ulag-kommunikasiýa toplumlaryny ösdürmegiň esasy ugurlary ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, durnukly ösüş üçin «ýaşyl» özgertmelere, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, agrotelekeçilige, howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde oba hojalyk pudagynyň durnuklylygyny üpjün etmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramaga uly üns berler. Foruma gatnaşyjylar söwda, hyzmatlar ulgamyny we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, syýahatçylyk we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ykdysadyýetde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşarlar.

Döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, ýerli we daşary ýurtly işewürligiň, abraýly düzümleriň wekillerini bir ýere jemlejek TIF — 2026-nyň işine Halkara maliýe korporasiýasy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de Beýik Britaniýanyň Eksport-karz agentligi ýaly ählumumy maýa goýum bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň ykdysady we ägirt uly maýa goýum mümkinçilikleri, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda durmuşa geçirilen we geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşmaga, maýa goýmak üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.

Çäräniň maksatnamasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary, taslamalary durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe taraplary boýunça amaly maslahaty, halkara maliýe institutlary hem-de işewür toparlar bilen gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutuldy. TIF — 2026 Türkmenistan tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde garalýan maýa goýum strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar.

Umuman, Türkmenistanda işewürligi dolandyrmak üçin birinji derejeli ähmiýete eýe bolan syýasy, ykdysady, hukuk, maliýe we düzümleýin şertler bar. Olar jemgyýetçilik-syýasy durnuklylykdan, ägirt uly çig mal kuwwatyndan, jemi içerki önümiň ösüşi bilen häsiýetlendirilýän makroykdysady ösüşden, milli manadyň durnukly hümmetinden, eýeçilik hukuklarynyň kanunçylyk goragyndan, ýokary derejeli hünärmenlerden, işjeň ösdürilýän ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyndan ybaratdyr. Bularyň ählisi türkmen bazaryny maýadarlar üçin geljegi uly meýdança öwrüp, maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny hem-de netijeliligini üpjün eder.

Türkmenistan ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berip, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işjeň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi, milli ykdysadyýetimiziň strategik taýdan möhüm pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýumlary çekmegi maksat edinýär. Çünki maýa goýumlar durmuş-ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň kepilidir.

Soňky habarlar
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
top-arrow