Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýet
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Çap edildi 06.09.2026
9

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Munuň özi Ýewropa yklymynda türkmen bedewleriniň şanyna guralýan giň gerimli çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk taglymlaryny ilerletmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy, ýurdumyzyň häzirki durmuş-ykdysady gazananlary bilen tanyşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli resminama gol çekmegi şanly ýylda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly goşant boldy.

...Niderlandlar Patyşalygynyň Wenraý şäherinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň we Ýewropanyň ylmy jemgyýetçilikleriniň, atçylyk pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we abraýyny tutuş dünýäde belende galdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlanan bu ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlap birnäçe eserleri döretdi. Bu kitaplarda ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň we seýislemegiň nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu asylly başlangyç häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda Niderlandlar Patyşalygynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler munuň nobatdaky güwäsidir.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby bedewiň türkmen taryhynda we durmuşynda eýeleýän orny barada gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň 2019-njy ýylda okyjylara gowşan bu kitaby atşynaslyk boýunça iş alyp barýan hünärmenler üçin gymmatly gollanmadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlanan bu ajaýyp eseriniň niderland dilinde neşir edilmegi döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer. Munuň özi ýurdumyzyň atşynaslarynyň öňünde atşynaslyk pudagyny we atly sporty ösdürmek, olaryň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda, innowasiýalary ornaşdyrmak, halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça täze wezipeleri goýýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby 8 bölümden ybarat bolup, onda ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň usullary beýan edilip, halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.

Dabarada çykyş eden daşary ýurtlaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda ýazan eserleriniň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmalar bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Bu kitaplarda ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryna degişli gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň niderland dilinde neşir edilmegi ýurduň ähli okyjylary, şol sanda atçylyk pudagynda iş alyp barýan hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Eser diňe adamlaryň atlar baradaky bilimlerini ösdürmän, atçylyk medeniýetini artdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Kitaby okamak bilen, atyň diňe bir jandar däl-de, onuň adamyň müňýyllyklara uzaýan dostudygyna, kyn we şatlykly günde wepaly ýoldaşydygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ata nähili hormat bilen çemeleşilýändigi, onuň durmuşdaky üstünlikleriň, döredijiligiň açarydygy kitapda gündelik durmuşdaky wakalar bilen täsirli beýan edilýär. Kitapda atçylyk babatda milli däp-dessurlar, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan çäreler baradaky maglumatlar okyjylara halkymyzyň baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Atçylyk pudagynyň abraýly halkara düzümleriniň, ylym-bilim edaralarynyň wekilleri Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Çempionatyň sport, medeni we ylmy häsiýetli giň gerimli çäreleri dünýäniň dürli künjeginden behişdi bedewleriň hakyky muşdaklaryny bir ýere jemlemäge şert döretdi. Munuň özi atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygyň ilçisi hökmünde çykyş edýän ahalteke atlaryny adamzadyň gözellik, dostluk ýaly garaýyşlarynyň has-da baýlaşdyrylmagynyň bähbidine ulanmakda halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek üçin täze tapgyry açýar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar atşynaslyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
06.09
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
06.09
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
top-arrow