Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
Çap edildi 14.09.2026
31

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, halkara bileleşik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugur öz beýanyny tapdy.

7-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda degişli çäreleri bellenilen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, gowaça meýdanlarynda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleriň talabalaýyk guralmagynyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda amala aşyrmak, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Fransiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini hem kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär.

Söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Şeýle-de ýurdumyzyň energetika, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdiler.

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda”, “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak; Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak; Bäherden tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak; uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini halkara standartlara laýyklykda ýokary derejede üpjün etmek üçin birnäçe teklipler hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz teklipleri goldap, olary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy hem-de Bäherden, Balkan, Lebap sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky Karara gol çekdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahatyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, şu ýylyň oktýabr aýynda käbir ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ýene biri boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym-bilim ýaly ugurlary öz içine alar.

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda, döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna ünsi çekdi.

11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde guralan mejlise GDA-nyň Baş sekretary, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Mejlisiň gün tertibine köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe meseleler girizildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar ulag howpsuzlygyny ösdürmek boýunça strategik meýilnamalary, ýokary tehnologiýaly pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň konsepsiýasyny, beýleki maliýe we guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, Arkalaşygyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmak, iri yklym, sebit hem-de halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmak, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat, tehnologik zynjyrlaryny döretmek boýunça tekliplere garaldy. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Mejlisde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023 — 2026-njy ýyllardaky işine hem seredildi. GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň alyp baran işlerine aýratyn üns berildi. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary bilen bagly meseleler barada-da pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar lukmançylyk biliminiň üznüksizligini gazanmak, käbir ýokanç keselleriň öňüni almak we soňuna çykmak, sagaldyş, şypahana-dynç alyş, bejeriş işini guramak, arhiw işini ösdürmek, bu guramanyň býujet meseleleri ýaly ugurlary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady geňeşiň 111-nji mejlisiniň netijeleri boýunça durmuş-ykdysady işiň dürli ugurlary boýunça strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi we tassyklanyldy.

Geçen hepde ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan awtoulaglaryň, tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Pagta hasylyny ýygnamak üçin kabul ediş bölümlerinde, pagta arassalaýjy kärhanalarda taýýarlyk işleri geçirildi. Olaryň ýerleşýän barlaghanalarynda “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümi hil barlagyndan geçirýärler.

Pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň gowy pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýeňijilere diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreleriň çäginde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýetde we sungatda gazanan üstünliklerine, jemgyýetiň ruhy-intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Nygtalyşy ýaly, Diýarymyzda atşynaslygyň milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge has-da uly üns berilýär. Dürli eýýamlary hem-de nesilleri birleşdirýän ahalteke atlary bu gün parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklaryň nyşany, taryhy-medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň bütin dünýä üçin nusga bolup hyzmat edýändiginiň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

“Arkadag” binasynyň meýdançasynda ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli guralan dabaraly konsert hem “akylly” şäherdäki esasy çäreleriň biri boldy. Bu ýerde guralan dabaraly çärelere we baýramçylyk konsertine tomaşa etmäge hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen bilelikde gatnaşmagy baý taryhy we ruhy mirasymyzy gorap saklamak, ony çuňňur öwrenmek, dünýäde giňden wagyz etmek, milli däpleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalara ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda halkymyzyň ruhy we döredijilik kuwwatyny artdyryp, saýlap alan parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen yzygiderli öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow