Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
Hepdäniň wakalary
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
Çap edildi 22.09.2026
29

Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli ösdürýär. Türkmenistan gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orun eýelemek bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar.

14 — 16-njy sentýabr aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda boldy. Döwlet sapary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan çärelere baý boldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler, dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen duşuşyklar geçirildi.

Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde ylmy-syýasy tejribesiniň hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge goşan aýratyn goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa agzalan uniwersitetiň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň we Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan 100-den gowrak, koreý tarapyndan bolsa 90-a golaý wekil gatnaşdy. Forumyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy. Maslahatyň netijeleri boýunça hökümet we hususy düzümleriň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol çekildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemi 31-si geçirildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy we 2007-nji ýylda döredilen bu düzümiň işini toplumlaýyn hem-de netijeli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Syýasy sammitiň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammiti geçirildi. Mundan başga-da, sammitiň öňüsyrasynda senagat, emeli aň, ylym, tehnologiýa, tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ministrleri derejesindäki duşuşyklar guraldy. Şeýle hem Gwangju we Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde dürli çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri 18-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edildi. Bellenilişi ýaly, geçirilen duşuşyklar we döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki sammitlere gatnaşmagy türkmen-koreý döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge täze itergi berdi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň köptaraply hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklady.

Täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler Hökümet mejlisinde seredilen döwlet durmuşynyň beýleki meseleleriniň hatarynda boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny has-da ösdürmek we bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça zerur işler dowam etdirilýär.

Nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Mary, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň, hususan-da, bugdaý ekişiniň, pagta ýygymy möwsüminiň, şeýle hem güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, hasyly ýygnap almak işleriniň barşy barada hasabat berildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlary taslama kuwwatynda we yzygiderli işletmek maksady bilen zerur işler geçirilýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagyna hem ýardam berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Muzeýleriň derejeleriniň sanawynyň hem-de Muzeýlere derejeleri bermegiň tertibiniň taslamalary taýýarlanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Hünär baýramyna gabatlap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumyny, Aşgabat şäherinde gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini, Stomatologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny, hususan-da, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy hem-de Ýewraziýa Patent Guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin birnäçe teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna demir ýol pudagynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek we bu babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça degişli teklip hödürlenildi.

Mejlisiň dowamynda hödürlenen teklipleri makullap, hormatly Prezidentimiz olary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň muzeý we muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Mundan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana we ony ýerine ýetirmek maksady bilen Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de birnäçe jemgyýetçilik desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz 30 müň adama niýetlenen “Arkadagyň ruhy metjidiniň” we onuň ýanyndaky medresäniň binalar toplumynyň, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň gurluşygynyň barşyna aýratyn ünsi çekdi.

Görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, Gahryman Arkadagymyz täze binalaryň daşky we içki bezegi boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi hem-de bu babatda degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň we ýaş mugallymlaryň pikirlerini öwrenmegi teklip etdi. Hususan-da, Milli Liderimiz otaglaryň aýratynlygy nazara alnyp, olarda ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsine degişli şekilleriň ýerleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesilleriň aň taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, çagalarda gözel tebigatymyza söýgini ösdürmekde ähmiýetlidir. Mekdepde berilýän bilim bolsa halkymyzyň milli edep ýörelgeleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdebi derejesindäki medresede berilýän bilimiň dünýäniň ösen tejribesine we yslam dünýäsinde ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidigini belledi.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň we Arkadag şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görmek we şanly sene mynasybetli birnäçe maşgalalary täze şäheriň çäklerinde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz sport desgalaryna, şol sanda “Arkadag” futbol toparynyň stadionyna ýokary derejede ideg edilmeginiň wajypdygyny belledi we olaryň talabalaýyk saklanmagy babatda degişli tabşyryklaryny berdi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerde dünýä belli behişdi bedewlerimiz üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmegiň ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz meşhur Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýerleşýän ýoluny we ugrunda ajaýyp ahalteke atlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen «Atly aýlaw» halkalaýyn ýoly döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işleriň netijelerine ünsi çekdi. Bu ýollaryň abadançylygy, olaryň döwrebaplaşdyrylyşy dünýä tejribesine we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna doly laýyklykda amala aşyryldy. Ýol düşekleriniň hil derejesine, yşyklandyryş ulgamynyň ygtybarlylygyna, köprüleriň berkligine we sil suwlaryny gaýtadan ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy hem düýpli döwrebaplaşdyryldy. Onuň çäklerinde bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän, sebitde ilkinji gezek kebelek şekillerinden binýat bolan Ýer togalagynyň we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanagyň şekili oturdyldy.

Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň göz öňünde tutulandygyny hem bellemek gerek. Onda behişdi bedewleriň muşdaklary deňiz peýzažynyň, gülläp oturan ýaşyl düzlükleriň, ajaýyp Garagum sährasynyň ýa-da gyş möwsüminde dag gerişlerine düşen garyň şekilleriniň öňünde surata düşüp bilerler.

Atçylyk toplumynda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanýan dürli ekinleri, şol sanda käşiri we almany ýetişdirmek üçin ýer bölekleri hem bölünip berildi. Gahryman Arkadagymyz bedewler üçin niýetlenen ot-iýmlik ekinleriň çägini giňeltmek ýaly şeýle tejribäniň Arkadag şäherinde hem ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek hem-de bu işe Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilim alýan talyplary çekmek babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Geçen hepdede Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde birnäçe ministrliklerde, şol sanda Daşary işler ministrliginde we Mejlisde duşuşyk hem-de Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parlamentara dialogy we parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdiler.

Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Giň gerimli gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirdi. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de hususyýetçileri ykdysadyýetimiziň pudaklaryndaky täze taslamalar, haryt öndürijileriň täze önümleri bilen tanyşdyrýan çäreleri guradylar.

Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Oňa birnäçe döwletlerden türkmenler we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekiller gatnaşdylar. Bu gurama watandaşlarymyzy bir supranyň başynda jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de raýdaşlygy berkitmekde, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde wajyp işleri amala aşyrýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow