Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 04.11.2026
27

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Şu gün biz ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan bölegi açylyp ulanmaga berler. Men siziň ähliňizi täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär.

Ine, bu gün bolsa Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berýäris. Ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagy üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer. Şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.

Hormatly adamlar!

Geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegini açyp ulanmaga berýäris. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.

Hormatly adamlar!

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly adamlar!

Biz ýurdumyzyň senagatyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda öz ýerli çig mallarymyzy ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar.

Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder. Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde 1 müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Biz geljekde hem Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow