Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümçilikleri ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň himiýa pudagynyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän toplumy, ýagny ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.