Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Çap edildi 14.11.2026
11

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi halkymyz üçin ähmiýetli bolan desgalaryň gurluşyk işleriniň we olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy amala aşyrylýar. Bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda döwrebap görnüşde gurulýan “Depegum” söwda merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabadyň bu künjeginde bina edilýän durmuş maksatly desgalar bir bitewi sazlaşygy emele getirip, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Munuň özi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bu ýerde Milli Liderimiziň garamagyna “Depegum” söwda merkeziniň bölümleri, onuň içki we daşky bezegleri, merkeziň yşyklandyryş ulgamy barada giňişleýin maglumat berýän şekil taslamalary görkezildi. Şekil taslamalary we olaryň özboluşly aýratynlyklary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.

Taslamalaryň hatarynda “Depegum” söwda merkeziniň umumy görnüşiniň, esasy girelgesiniň, onuň işewürlik toplumynyň, täjirçilik merkeziniň hem-de merkeziň umumy eýwanynyň, interaktiw kitaphananyň, 5D kinoteatryň, ýerüsti pyýada geçelgesiniň şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar. Munuň özi söwda merkezini has-da döwrebaplaşdyrmak işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze söwda merkeziniň seýsmiki howpsuzlyk babatda bolşy ýaly, çäk taýdan hem örän amatly künjekde ýerleşendigini belledi. Merkeziň golaýynda “Garagum” myhmanhanasy, Aşgabat Halkara howa menziline barýan ulag ýoly, “Jahan” döredijilik merkezi, umumybilim berýän mekdep, ýaşaýyş toplumlary bar. Bu bolsa söwda merkeziniň gelim-gidimli bolmagynyň esasy şertleriniň biridir. Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze söwda merkeziniň binalarynyň guşuçar belentlikden ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän keşbiniň bolmagynyň, onuň daşky we içki bezeg işlerinde reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmeginiň esasy talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlarynyň biri bolan we täze söwda merkeziniň gurluşygy ynanylan «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory Erdal Güner merkezde ornaşdyryljak LED ekranlar, binalaryň yşyklandyryş ulgamy, onuň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, ýurdumyzda gurluşyk we bezeg işleri amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, milli ýörelgelere uly ähmiýet berilmelidigini, şol bir wagtyň özünde, binalaryň bezeginde yşyklandyryş ulgamynyň sanlylaşdyrylmalydygyny, onuň dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini nygtady. Merkeziň käbir ýerinde — diwarlarynda, üçeklerinde ekranlaryň ýerleşdirilmegi, olarda mahabatlaryň, merkeziň bölümleriniň ýerleşişi baradaky maglumatlaryň görkezilmegi bu ýere geljek adamlar üçin amatlyklary üpjün eder. Mundan başga-da, söwda merkeziniň reňk sazlaşygynda “Garagum” myhmanhanasynda ulanylan tejribä üns berilmegi zerurdyr. Desganyň enjamlaşdyrylyşy we bezeg aýratynlyklary bu ýere geljeklerde ýakymly täsirleri galdyrmalydyr.

Taryhyň dowamynda türkmen topragynda täjirlerdir söwda kerwenleri üçin ýörite kerwensaraýlaryň gurlandygyny, olarda argyşdan gelýän adamlar üçin hyzmatlaryň ýola goýlandygyny belläp, Milli Liderimiz täze söwda merkezinde döredilýän şertleriň halkara talaplara laýyk gelmelidigini, bu ýerde ulular üçin bolşy ýaly, çagalar üçin hem ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmegine möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza merkezde elektron kitaphananyň döredilýändigi barada maglumat berildi. Onda adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň isleg bildirýän kitaplaryny okap biler ýaly häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyk gelýän mümkinçilikler döredilýär. Çagalardyr ýaşlaryň asman giňişligini, kosmosy, ylmy açyşlary öňdebaryjy ses tehnologiýalarynyň kömegi bilen täsirli hem-de öwrediji tejribe arkaly özleşdirmeklerinde ähmiýeti bolan ýokary hilli bilim we medeniýet meýdançasy söwda merkeziniň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüler.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýaşlaryň kitap okamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän şertleriň olara edilýän hyzmatlar bilen utgaşykly ýola goýulmalydygyny, kitap okaýanlara çaý, kofe we beýleki tagamlaryň hödürlenilmegi ýaly hyzmatlaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Bu bolsa merkeziň özüne çekijiligini has-da artdyrar. Hormatly Arkadagymyz merkeziň çäginde çagalaryň elektron döredijilik bilen meşgullanmaklary, olaryň sanly ulgam arkaly surat çekmek we dürli çyzgylary ýerine ýetirmek endiklerini ösdürmekleri babatda zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi ýaş nesilleriň häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini özleşdirip bilmeklerinde ähmiýetli bolar. Bu ýerde çagalaryň ene-atalary üçin döredilýän şertler hem şu günüň talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidir. Merkeziň aşaky we ýokarky gatlaryna münüp-düşmek üçin degişli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

“Depegum” söwda merkezinde häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda, döwrebap kinoteatryň döredilýändigi barada-da maglumat berildi. Onda öňdebaryjy tehnologiýalar, sanly ulgamyň, emeli aňyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Kinoteatr uly gümmez ekranyndan, hereketli oturgyç ulgamyndan ybarat bolup, onda ýörite tehnologiýa arkaly tomaşaçylar ýeli, suw damjalaryny, ýakymly ysy duýup biler ýaly şertler dörediler. Bu ýerde dünýä ýurtlarynyň taryhy, medeniýeti we esasy şäherleri bilen tanyşdyrmak mümkinçiligi-de ýola goýlar.

Gahryman Arkadagymyz söwda merkezinde döredilýän mümkinçilikleriň şu günüň talaplaryna laýyk gelmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Merkezi “Garagum” myhmanhanasy bilen birikdirýän ýapyk geçelgäniň ugrunda söwda nokatlarynyň döredilmegi, olarda dürli önümleriň söwdasy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň ýola goýulmagy wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, bu geçelgäniň gatnawly ulag ýolunyň ýokarsyndan geçýändigini nazara alyp, onuň ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyna oňyn täsiriniň bolmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz geçelgäniň yzygiderli gatnaýan ulaglara hiç hili päsgelçilik bermeli däldigine ünsi çekdi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämedowyň, Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýewiň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory Erdal Güneriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerini maliýeleşdirmek bilen bagly meseleler we gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz gurluşyklara gönükdirilýän serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň we satyn alynýan enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil derejesine laýyk gelmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatdaky işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda-da dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerine, onda ulanylýan serişdeleriň hil derejesine gözegçilik edilýändigi we bu ugurda degişli düzümler bilen işleriň ýola goýulýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzyň çar künjeginde, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň batly depginde dowam edýändigini nygtap, Ýokary gözegçilik edarasynyň bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin edaranyň ýolbaşçysyna nägilelik bildirdi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, gözegçilik işlerinde sanly tehnologiýalar bilen emeli aňyň mümkinçilikleriniň arabaglanyşygynyň seljerilmegi we olaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi wajyp wezipe bolup durýar. Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyndan bu ugurdaky işleriň depgininiň ýokarlandyrylmagyny berk talap etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň degişli edaralar bilen bilelikde üns merkezinde saklanylýandygy we täze söwda merkeziniň dolandyryş ulgamynyň işini talabalaýyk ýola goýmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Ulanmaga berilýän binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň, olaryň çäklerinde gök zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu babatda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz şäher häkimliginiň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen ylalaşykly işläp, Halkara howa menzilinde üstaşyr ýolagçylar üçin ulag üpjünçiligini, olary myhmanhanalarda ýerleşdirmek we söwda merkezlerine aýlanyp bilmek mümkinçiligini ýola goýmak babatda bilelikdäki tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu işleriň myhmanlar üçin bolşy ýaly, şäher häkimligi üçin hem bähbitli boljakdygyny aýtdy. Täze söwda merkeziniň çäklerinde köporunlyk awtoduralganyň hereket etjekdigini nazara alyp, onuň işini netijeli ýola goýmak babatda zerur tagallalar edilmelidir.

Soňra wise-premýer B.Annamämmedow paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada maglumat berip, “Depegum” söwda merkeziniň gurluşygynda ýerli gurluşykçylar bilen türkiýeli hünärmenleriň bilelikdäki işleriniň ýola goýlandygy, gurluşyklaryň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Arkadagymyz gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we meýilleşdirilen desgalaryň bellenen wagtda ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Şunda täzeçil usullaryň netijeli peýdalanylmagy, aýratyn-da, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýaşlaryny gurluşyk we bezeg işlerine işjeň çekmek, olaryň tekliplerini öwrenmek wajypdyr. Bu ýerde gurulýan binalaryň hemme görkezijiler babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagy bilen bagly meselelere toplumyň ähli düzümleriniň hünärmenleriniň örän jogapkärçilikli çemeleşmelidiklerini belläp, Milli Liderimiz bu binany dolandyrmak meseleleri boýunça taýýarlanylan çözgütler barada hormatly Prezidentimize hasabat berilmelidigini aýtdy.

Iş maslahatynda Erdal Güner ata Watany Türkmenistanda işlemek babatda döredilen mümkinçilikler we wekilçilik edýän kompaniýasyna ähmiýetli taslamalaryň ynanylýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol bu ýere gelip, özüniň maslahatlaryny berendigi üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi. Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanda doganlyk türkmen halky üçin ähmiýetli bolan taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak “Rönesans” kompaniýasy üçin belent mertebedir.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge giň ýol açjakdygyny aýtdy. Şeýle hem ýerine ýetirilýän işleriň degişli edaralar bilen sazlaşykly alnyp barylmagyna üns berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri alnyp barylýan işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň, binanyň daş-töwereginde gök zolaklaryň döredilmeginiň we dürli gülleriň ekilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow