Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda döredilýän elektron senagatynyň kärhanalary yzygiderli önümçilige çykýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanda döredilýän elektron senagatynyň kärhanalary yzygiderli önümçilige çykýar
Çap edildi 22.02.2017
1975

Türkmenistanyň Senagat ministrligi durmuşa geçirilmegine 2016-njy ýylda badalga berlen degişli Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde elektron enjamlar senagatynyň ösdürilmegini dowam edýär. Hususan-da, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde döredilen “Senagat tehnologiýalary” paýdarlar jemgyýeti elektron maglumat kiosklarynyň prototipini işläp taýýarlady we çykardy. Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni tarapyndan “Sowatly gurluşyk” hojalyk birleşigi bilen bilelikde guralan “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektrik energiýany paýlaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu kärhanada her ýyl paýlaýjy enjamlaryň 250-ä çenlisini öndürmek maksat edinilýär. Geljegi uly ugurlaryň ýene-de biri ýurdumyzda yşyklandyryjy enjamlaryň, şol sanda LED lampalaryň önümçiligini döretmekdir. Şu maksat bilen döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti zerur enjamlary gurnamak we sazlamak işlerini alyp barýar. Şeýle hem elektrik energiýanyň sarp edilişini ölçeýji elektron hasaplaýjyny öndürmek üçin enjamlar gurnalýar. Bu işler Senagat ministrligi we “Gap Inşaat” türk kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkyň sarp edýän elektron we elektrotehniki abzallaryny öndürjek kiçi kärhanalary döretmek Döwlet maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Bu meýiller döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçiriler, sebitleriň ykdysadyýetiniň ösmegini we täze iş orunlaryň döremegini üpjün eder. Geljekde ýerli çig maldan hem-de ýurdumyzda alnyp barylýan köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň esasynda Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän serişdeleri çykarjak önümçiligi döretmek hem maksat edinilýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow