Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türk önüm öndürijileri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar
Ykdysadyýet
Türk önüm öndürijileri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar
Çap edildi 23.02.2017
1757

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Nobatdaky gözden geçiriliş türk işewürleriniň eksport kuwwatyny we mümkinçiliklerini hem-de ägirt uly gyzyklanmasyny görkezdi. Türk işewürleri okgunly ösýän hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary bilen daşary ýurtly işewürleriň ünsüni özüne çekýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkidýärler. Sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ibrahim Şeneliň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti Aşgabada geldi. Ol esasy senagat merkezlerine, şol sanda Stambul we Izmir şäherlerine hem-de ýurduň Ortaýer we Gara deňizleri sebitleriniň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýär. Serginiň üç gününiň dowamynda onuň meýdançalarynda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň tanyşdyrylyşy boldy, häzirki we geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň telekeçileri uly işjeňlik görkezdiler, olar hem täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýärler. “Day Turkish Turizm” syýahatçylyk agentligi tarapyndan taýýarlanan köpsanly bannerler sergä özboluşly milli öwüşgin çaýdy. Olarda Türkiýe Respublikasynyň täsin taryhy ýadygärlikleri we onuň häzirki zaman şäherleriniň ajaýyp ýerleri barada gürrüň berilýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow